Türkmenistan Owganystana elektrik energiýa eksportyny artdyrar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan Owganystana elektrik energiýa eksportyny artdyrar
Häzirki wagtda owgan tarapyna “Serhetabat-Hyrat-Turgundy” hem-de “Rabatkaşan-Kalaýnau” ugurlary boýunça iberilýän elektrik energiýasynyň möçberini artdyrmak bilen bagly zerur işler geçirilýär.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň penşenbe güni geçirilen mejlisiniň barşynda wise-premýer Şamuhammet Durdylyýew döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa Owganystana iberilýän elektrik energiýasynyň möçberlerini artdyrmak barada hasabat berdi.

TDH-nyň habar berşi ýaly, häzirki wagtda owgan tarapyna “Serhetabat-Hyrat-Turgundy” hem-de “Rabatkaşan-Kalaýnau” ugurlary boýunça iberilýän elektrik energiýasynyň möçberini artdyrmak bilen bagly zerur işler geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, iberilýän energiýanyň möçberiniň artdyrylmagy, täze elektrik geçiriji ulgamlaryň işe girizilmegi owgan halkynyň durmuşyny gowulandyrmak, täze önümçilikleri açmak, netijede, iş orunlaryny döretmek üçin amatly şertleri göz öňünde tutýandygyny aýtdy.

Türkmenistanda öndürilýän elektrik energiýany Owganystana ibermek hakynda şertnamalar 2017-nji ýylyň noýabrynda kabul edilen Türkmenistanyň Prezidentiniň ýörite Kararyna laýyklykda baglaşyldy.

Häzirki wagtda Owganystanyň ýüzlerçe talyp ýaşlary Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynda elektrik energiýa hünäri boýunça bilim alýarlar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022