Türkmenistanyň we Russiýanyň arasyndaky haryt dolanyşygynyň $1 milliarda ýetmegine garaşylýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň we Russiýanyň arasyndaky haryt dolanyşygynyň $1 milliarda ýetmegine garaşylýar
Türkmenistan Russiýa Federasiýasyna eksport edýän önümleriniň, hususan-da, himiýa senagatynyň önümleriniň, azyk harytlarynyň, oba hojalyk çig malynyň we beýlekileriň möçberini köpeltdi.

Pandemiýa garamazdan Türkmenistanyň we Russiýanyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklar 2020-nji ýylda depginli ösdi. Bu barada Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Aleksandr Blohiniň metbugat-maslahatyna salgylanmak bilen anna güni “ORIENT.tm” habar berdi.

“Pandemiýa seretmezden rus-türkmen söwda-ykdysady gatnaşyklary depginli ösüşe eýe boldy. Hususan-da Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky haryt dolanyşygy 20% gowrak ýokarlandy we ýylyň ahyryna çenli ol 1 milliarda golaýlar” diýip, russiýanyň ilçisi belledi. 

A.Blohiniň aýtmagyna görä, Russiýa senagat we himiýa, azyk, demir önümleriniň, maşynlaryň, enjamlaryň, agaç önümleriniň we beýleki harytlaryň Türkmenistana iberilýän möçberini artdyrdy. Öz gezeginde, Türkmenistan hem Russiýa Federasiýasyna eksport edýän önümleriniň, hususan-da, himiýa senagatynyň önümleriniň, azyk harytlarynyň, oba hojalyk çig malynyň we beýlekileriň möçberini köpeltdi.

Ilçiniň sözlerine görä, häzirki wagtda bilelikdäki taslamalaryň birnäçesi eýýäm durmuşa geçirilýär, energetika we gämi gurluşyk babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda birnäçe ylalaşyklara we ähtnamalara gol çekildi. Russiýa Türkmenistana “Ansat” we “Mi-17” dikuçarlaryny ibermek taslamasynyň durmuşa geçirilişini tamamlaýar.

“Şu ýylda ýüzbe-ýüz geçirilen duşuşyklaryň sany az boldy, emma bu azlygyň öwezi onlaýn görnüşde geçirilen gepleşikleriň köp sany bilen dolundy. Biziň hasaplamalarymyza görä wideoaragatnaşyk boýunça 50-ä golaý söhbetdeşlikler geçirildi” diýip, Aleksandr Blohin belledi.

2019-njy ýylda Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky haryt dolanşygy 694 million 797 müň amerikan dollaryna golaý bolup, bu görkeziji 2018-nji ýyl bilen deňeşdirilende 56.47% ýokary boldy.