Türkmenistanda käbir metbugat neşirleri birleşdirildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda käbir metbugat neşirleri birleşdirildi
“Watan” gazetiniň redaksiýasy “Galkynyş” gazetiniň we “Wozroždeniýe” žurnalynyň redaksiýasynyň hukuk orun tutary bolar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Galkynyş” gazetiniň we “Wozroždeniýe” žurnalynyň redaksiýasyny “Watan” gazetiniň redaksiýasyna birleşdirmek hakynda Karara gol çekdi. Bu barada TDH-a salgylanyp duşenbe güni “Türkmenistan” gazeti habar berdi.

Gol çekilen resminama laýyklykda, “Watan” gazetiniň redaksiýasy “Galkynyş” gazetiniň we “Wozroždeniýe” žurnalynyň redaksiýasynyň hukuk orun tutary bolar.

Işini bes eden “Wozroždeniýe” žurnalynyň wezipeleri “Diýar” žurnalynyň redaksiýasynyň üstüne ýüklenip, “Diýar” žurnaly türkmen, iňlis we rus dillerinde çap ediler.

Mundan başga-da, “Türkmen dili” gazetiniň redaksiýasy “Mugallymlar gazeti” gazetiniň redaksiýasyna birleşdiriler. “Mugallymlar gazeti” Türkmen dili” gazetiniň hukuk orun tutary bolar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022