ÝHHG we Türkmenistan 2021-nji ýyl üçin taslamalaryň meýilnamasyny tassykladylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
ÝHHG we Türkmenistan 2021-nji ýyl üçin taslamalaryň meýilnamasyny tassykladylar
2021-nji ýylda ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi derwaýys taslamalarynyň durmuşa geçirilmegini dowam etmegi we birnäçe täze taslamalaryna badalga bermegi meýilleşdirýär.

Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň (ÝHHG) Aşgabatdaky merkezi we Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi duşenbe güni Türkmenistanyň Hökümeti bilen ÝHHG-niň bilelikdäki taslamalarynyň 2021-nji ýyl üçin Meýilnamasy boýunça göni wideoaragatnaşyk görnüşinde bilelikdäki brifingini geçirdiler. Bu barada ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýaýradan metbugat beýanatynda habar berildi.

Çärä hökümet edaralarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, halkara guramalarynyň wekilleri hem-de ÝHHG-niň agza-döwletleriniň we hyzmatdaş-ýurtlarynyň Türkmenistanda akkreditirlenen ilçihanalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Brifingiň barşynda ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň wekilleri gatnaşyjylara 2020-nji ýylda amala aşyran taslamalary barada gürrüň berdiler. Bu taslamalaryň esasy ugurlary öňüni alyş diplomatiýasy we serhet dolandyrylyşy, serhetüsti söwdasynyň we üstaşyr mümkinçilikleriniň ösmegine ýardam berilmegi, şeýle hem daşky gurşawy goramagy, kanunyň hökmürowanlygy we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň özgerdilmegi ýaly ugurlary öz içine alýar. Koronawirus ýokanjynyň ýaýramagynyň öňüni almak we COVID-19 pandemiýasynyň ýaramaz täsirlerini ýeňip geçmek babatynda başlangyçlara aýratyn üns berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, 2021-nji ýylda ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi derwaýys taslamalarynyň durmuşa geçirilmegini  dowam etmegi we şol bir wagtyň özünde kiberhowpsuzlygy güýçlendirmek, gümrük amallaryny sanlaşdyrmak, elektron söwdasyny ösdürmek, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek, kazyýet işlerine gözegçilik etmek we pandemiýa döwründe we adatdan daşary ýagdaýlarda döwlet edaralarynyň jemgyýetçilik we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen aragatnaşygy amala aşyrmak ýaly birnäçe täze taslamalaryna badalga bermegi meýilleşdirýär.