Türkmen telekeçisi aýakgap üçin dabanlaryň önümçiligini ýola goýdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen telekeçisi aýakgap üçin dabanlaryň önümçiligini ýola goýdy
Ýurdumyzyň aýakgap öndürijileriniň arasynda bu önüme uly isleg bildirilýär.

Handy Gurbanowyň kärhanasy dürli görnüşli aýakgaplar üçin dabanlaryň önümçiligini ýola goýdy.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) saýtynda geçen penşenbe güni habar berlişi ýaly, termoplastik poliuretandan taýýarlanylýan daban maýyşgaklygy, sowuga çydamlylygy, berkligi bilen tapawutlanýar.

Şeýle daban ýeňil, berk bolup, ýörelende gowy amortizasiýa eýedir, şeýle hem ol typmaýar. Bu bolsa gyş möwsüminde has-da derwaýysdyr. Ýurdumyzyň aýakgap öndürijileriniň arasynda bu önüme uly isleg bildirilýär.

Şeýle-de, 2019-njy ýylyň ortalarynda telekeçi Gurbanow dürli ülňüdäki we möwsümler üçin niýetlenilen erkek, zenan we çaga aýakgaplaryny aýratynlykda tikmek boýunça bölümini açdy. Türkiýeden, şeýle hem ýerli öndürijilerden satyn alynýan hakyky gön önümçilik üçin çig mal bolup hyzmat edýär.

2022