Türkmenistanda habar beriş serişdelerini ösdürmegiň esasy ugurlary kesgitlendi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda habar beriş serişdelerini ösdürmegiň esasy ugurlary kesgitlendi
Ýurt Baştutanymyz garaşsyz ösüşiniň ýolunda döwletimiziň gazanan üstünliklerini beýan etmek boýunça çäreleriň meýilnamasyny taýýarlamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çarşenbe güni wideoaragatnaşyk görnüşde ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny ösdürmäge, habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmäge bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi. Bu barada TDH habar berýär.

Döwlet Baştutanymyz medeniýet pudagynyň we habar beriş serişdeleriniň bölümleriň ýolbaşçylarynyň hasabatlaryny diňläp, döwletimiziň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň belleniljek ýylynda bu ulgamyň öňünde durýan wezipeleriň aýratyn ähmiýetine ünsi çekdi.

Ýurt Baştutanymyz garaşsyz ösüşiniň ýolunda döwletimiziň gazanan üstünliklerini beýan etmek boýunça çäreleriň meýilnamasyny taýýarlamagy, onda Agentlik boýunça edilmeli işleri anyk kesgitlemegi tabşyrdy.

Döwletimiziň syýasy, ykdysady we medeni-durmuş babatda gazanýan üstünlikleri hakynda habar-makalalary taýýarlap, halkara habar beriş serişdelerinde yzygiderli çap edip durmak möhümdir. Şeýle hem ýurdumyzda geçirilen syýasy özgertmeler we gazanylan durmuş-ykdysady üstünlikler barada habarlar toplumyny taýýarlanylmalydyr hem-de metbugatda yzygiderli çap edilmelidir. Ýurdumyzyň we beýleki döwletleriň elektron hem-de metbugat, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde “2021-nji – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” şygary bilen makalalar toplumynyň çap edilmegini guramaly diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Milli Liderimiz teleradioýaýlymlarda berilýän gepleşikleriň ýokary hilli bolmagyny gazanmagy, olary däp-dessurlarymyzy, halkymyzyň milli aýratynlyklaryny göz öňünde tutup taýýarlamagy we ýaýlyma goýbermegi esasy wezipeleriň hatarynda kesgitledi.

2022