Türkmenistan $4 milliarddan gowrak nebit-gaz önümlerini eksport etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan $4 milliarddan gowrak nebit-gaz önümlerini eksport etdi
Şu ýylyň 11 aýynda nebitgaz pudagy tarapyndan özleşdirilen maýa goýumlarynyň umumy möçberi 7,1 milliard manada deň boldy.

Türkmenistan 2020-nji ýylyň 11 aýynda tebigy gazyň we nebithimiýa önümleriniň eksportyndan 4,13 mlrd ABŞ dollar girdeji aldy. Bu barada Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň elektron gazeti anna güni habar berdi.

Degişli döwürde 8,7 mln tonna nebiti we gaz kondensaty, şeýle hem 62,3 mlrd kub metr gaz çykaryldy. 31 mlrd kub metrden gowrak “mawy ýangyç” eksporta iberildi.

Habarda bellenilişi ýaly, şu ýylyň 11 aýynda nebitgaz pudagy tarapyndan özleşdirilen maýa goýumlarynyň umumy möçberi 7,1 milliard manada deň boldy, bu bolsa 2019-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 492 million manat köpdür.

Daşary ýurtlarda yzygiderli islegden peýdalanýan suwuklandyrylan gazyň önümçilik möçberleri 231 müň tonna deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwründen 42,3 müň tonna artykdyr.

Ýanwar-noýabr aýlarynda Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda 1,7 million tonnadan gowrak dürli kysymly awtobenzin we 1,65 million tonnadan gowrak dizel ýangyjy öndürildi. Bu önümleriň aglaba bölegi daşary ýurt kompaniýalary tarapyndan satyn alyndy.

Gyýanlydaky polimer zawodynda öndürilýän polietileniň satuwy ýylyň başyndan bäri, 3 esseden gowrak ýokarlandy. Şu ýylyň 10 aýynda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň üsti bilen bu önümiň 140 müň tonnasy satyldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 95 müň tonna artykdyr.

 
2022