Hytaý 2028-nji ýyla çenli dünýäniň iň uly ykdysadyýeti bolmagy mümkin

BIZNES TÜRKMENISTAN
Hytaý 2028-nji ýyla çenli dünýäniň iň uly ykdysadyýeti bolmagy mümkin
Ozalky çaklamalar bilen deňeşdirilende, Hytaý dünýäniň iň uly ykdysadyýeti 2033-nji ýylda däl-de, ondan 5 ýyl öň bolar. (Surat: Reuters)

Hytaý 2028-nji ýylda dünýäniň iň uly ykdysadyýeti bolmagy mümkin diýip, Beýik Britaniýanyň Ykdysady we işewür gözleg merkeziniň (CEBR) şenbe güni çap eden ýyllyk hasabatynda habar berilýär. Ozalky çaklamalar bilen deňeşdirilende, Hytaý bu sepgide 5 ýyl öň ýetip, ABŞ-dan öňe geçer. Bu bolsa iki ýurduň COVID-19 pandemiýasynyň täsirini ýeňip geçmek depgini bilen bagly bolup durýar.

CEBR-iň bilermenleriniň çaklamalaryna görä, pandemiýanyň Günbatar ýurtlarynyň ösüşine ýetirjek uzakmöhletleýin täsiri we Hytaýyň pandemiýa döwründe “ussatlyk bilen dolandyrmagy” bu ýurduň öňe geçmegine itergi berer.

Ykdysady taýdan ösen beýleki döwletleriň köpüsinden tapawutlylykda, Hytaýyň Hökümeti tarapyndan berk çäreleriň dessine girizilmegi ýokanjyň täzeden ýaýramagy sebäpli ikilenç berk çäreleri girizmek zerurlygy ýüze çykmady. Bu bolsa öz gezeginde dünýäniň iň gür ilatly ýurduna 2020-nji ýylda çökgünligi ýeňip geçmäge ýardam berdi diýip, hasabatda bellenilýär. 2021-nji ýyldan başlap ABŞ-nyň dünýä JIÖ-sinde paýynyň peselmegi we netijede Hytaýyň dünýäde iň kuwwatly ykdysadyýeti bolan ýurt adyna eýe bolmagyna getirer diýip çak edilýär.

2022-2024-nji ýyllarda ABŞ-nyň ösüş depginleri her ýyl 1,9%-e çenli we ondan soňky ýyl 1,6%-e çenli peseler.

Johns Hopkins uniwersitetiniň hasaplamalaryna görä, Amerikanyň Birleşen Ştatlary dünýäde koronawirus pandemiýasy zerarly iň köp kynçylyk gören ýurt bolup, ol ýerde 330 müňden gowrak adam ýogaldy we 19 milliona golaý adam keselledi.

2022