Türkmen-Eýran serhedindäki Sarahsda üstaşyr demir ýol gatnawy 35% ýokarlandy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen-Eýran serhedindäki Sarahsda üstaşyr demir ýol gatnawy 35% ýokarlandy
Sarahs serhediniň üsti bilen 200 müň tonna haryt Türkmenistandan Eýrana geçirildi.

Türkmen-Eýran serhedindäki Sarahs terminalynda soňky ýedi aýyň dowamynda üstaşyr demir ýol gatnawlary geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 35% ýokarlandy diýip, Horasan demir ýollarynyň müdiri Mustafa Nasyryň aýdanlaryna salgylanyp, “IRNA” sişenbe güni habar berdi.

Mustafa Nasyryň aýtmagyna görä, 200 müň tonna haryt Sarahs serhediniň üsti bilen Türkmenistandan Eýrana geçirildi.

Şeýle hem ol eksport edilen harytlaryň soňra Bandar Abbas we Mirjaweh şäherlerini ugradylandygyny aýtdy.

Iýun aýynda türkmen-eýran serhediniň çägindäki “Sarahs–Sarahs” barlag goýberiş nokadynda Tejen derýasynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsi hem açyldy. 

 
2022