“Türkmenpoçta” onlaýn dükanynda satylýan harytlaryň sanyny artdyrdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Türkmenpoçta” onlaýn dükanynda satylýan harytlaryň sanyny artdyrdy
Harytlary “Türkmenpoçta” kompaniýasynyň resmi saýtyndaky “TurkmenPostMarket” onlaýn dükanyndan sargyt edip bolýar.

“Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň “Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň onlaýn dükanynda satylýan harytlaryň sany artdyryldy. Hususan-da, täze harytlaryň arasynda çagalar we ulular üçin dokma önümleriniň dürli görnüşlerini görmek bolýar.

Şeýle hem onlaýn dükanda “Gala”, “Ýeňiş”, “Bedew”, ADT, “Nusaý”, “Akar” haryt nyşanly önümleri bilen bilelikde “Bahar” tikinçilik kärhanasy, Aşgabadyň Modeller öýi ýaly kärhanalaryň önümleri hödürlenýär. Önümleriň arasyndan agyz-burun örtüklerini we tämizlik serişdelerini hem satyn almak mümkin.

Harytlary “Türkmenpoçta” kompaniýasynyň resmi saýtyndaky “TurkmenPostMarket” onlaýn dükanyndan sargyt edip bolýar.

Onlaýn dükandan satyn alnan harytlary “Türkmenpoçta” kompaniýasynyň çaparçylyk hyzmaty müşderileriň öýüne çenli getirip berýär.

Eltip bermek hyzmaty Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary üçin 30 manat we ýurduň welaýatlarynyň ýaşaýjylary üçin 40 manat möçberinde bellenildi. Sargytlaryň tölegini nagt we nagt däl görnüşinde hem amala aşyryp bolýar.