Türkmenistanyň Daşary işler ministri Owganystana resmi saparyny amala aşyrar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Owganystana resmi saparyny amala aşyrar
Resmi saparyň dowamynda birnäçe ikitaraplaýyn resminamalara gol çekiler.

Owganystanyň Daşary işler ministri Mohammad Hanif Atmar bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň arasynda sişenbe güni telefon arkaly geçirilen söhbetdişligiň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň dürli ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Owganystanyň daşary syýasat edarasynyň resmi sahypasynda habar berlişi ýaly, diplomatlar Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Kabul şäherine amala aşyrjak resmi saparyny maslahatlaşdylar. Resmi saparyň dowamynda R.Meredow Owganystanyň Prezidenti Aşraf Gani, Daşary işler ministri Mohammad Hanif Atmar we Milli howpsuzlyk boýunça geňeşçisi Hamdulla Mohib bilen duşuşar.

Şeýle hem, söhbetdeşler üç taslamanyň, ýagny Akina-Andhoý demir ýol şahasynyň, Kerki-Andhoý-Puli Humri elektrik geçirijisiniň we Türkmenistan bilen Owganystany birikdirjek optiki-süýümli ulgamynyň dabaraly ýagdaýda işe girizilmegini hem maslahatlaşdylar. Dabaralaryň şu ýylyň 14-nji ýanwarynda geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Resmi saparyň dowamynda Ministr R.Meredow birnäçe ikitaraplaýyn resminamalara, şol sanda Syýasy geňeşmeler babatynda özara düşünişmek hakyndaky ähtnama, Howpsuzlyk we protokol babatynda özara düşünişmek hakyndaky ähtnama we Nebit-gaz meseleleri babatynda özara düşünişmek hakyndaky ähtnama gol çekmek dabarasyna gatnaşar.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň duşenbe güni sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynyň barşynda Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan gaýtadan dikeldilmegini üpjün etmäge gönükdirilen taslamalaryň durmuşa geçirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy.

2022