Baýramaly etrabynyň ekerançylary 26200 tonna gant şugundyryny tabşyrmagy meýilleşdirýärler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Baýramaly etrabynyň ekerançylary 26200 tonna gant şugundyryny tabşyrmagy meýilleşdirýärler
Baýramaly etrabynyň kärendeçileri ekin ýerlerinde toprak-howa şertlerine ýaramly bolan gant şugundyryny ekip, bir ýylda iki hasyl almaga çalyşýarlar.

Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň kärendeçileri bugdaýdan boşan 1 müň 950 gektar ýerde gant şugundyryny ekip, meýilnama boýunça 26 müň 200 tonna şugundyry “Maryşeker” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine tabşyrmagy maksat edinýärler.

“Maru-şahu jahan” gazetiniň penşenbe güni habar berşi ýaly, Baýramaly etrabynyň kärendeçileri ekin ýerlerinde toprak-howa şertlerine ýaramly bolan gant şugundyryny ekip, bir ýylda iki hasyl almaga çalyşýarlar. Şeýle hem otag, ýekeleme işlerini agrotehnikanyň talaplaryna görä ýerine ýetirýärler.

Etrapda “Gökdepe”, “Täze ýol”, “Täze durmuş” daýhan birleşikleriniň şugundyrçy kärendeçileri hasyl tabşyrmakda öňdeligi bilen tapawutlanýarlar.

Mary welaýatynyň ekerançylary 2019-njy ýylyň hasyly üçin 14 müň 900 gektar meýdana gant şugundyryny ekip, ondan 209 müň tonna golaý hasyl aldylar.

2022