Bütindünýä banky: 2021-nji ýylda dünýä ykdysadyýetiniň 4% ýokarlanmagyna garaşylýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Bütindünýä banky: 2021-nji ýylda dünýä ykdysadyýetiniň 4% ýokarlanmagyna garaşylýar
Dünýä ykdysadyýetiniň dikeldilmegi kompaniýalaryň üstünlikli we çalt COVID-19 ýokanjyna garşy sanjymlaryna bagly bolup durýar.

Dünýä ykdysadyýeti 2021-nji ýylda 4% ýokarlanar. Gündogar Ýewropa ýurtlarynda ykdysadyýetiň ösüşi haýal depginde bolup, 1.3% ýokarlanmagyna garaşylýar. Bu barada Bütindünýä bankynyň bilerlenmenlerine salgylanyp, “ORIENT.tm” habar berýär.

Bütindünýä bankynyň sişenbe güni çap eden “Ählumumy ykdysady mümkinçilikler” baradaky hasabatynda, pandemiýa we onuň öňüni alyş çäreleriniň dünýä ykdysadyýetine düýpli ýaramaz täsirini ýetirendigi bellenildi.

Bütindünýä bankynyň çaklamalaryna görä, dünýä ykdysadyýetiniň işjeňlik depgini öňki çaklamalara seredeniňde belli bir derejede ýokarlandy. Bu bolsa ösen döwletleriň ykdysady çökgünliginiň öňüni almagynyň we Hytaýyň ykdysadyýetiniň has işjeň dikeldilmeginiň hasabyna gazanyldy. Şol bir wagtyň özünde ösýän döwletleriň aglabasy çak edilmeginden has köp ykdysady ýitgi çekdi.

Şu ýyl dünýä ykdysadyýetiniň dikeldilmegi kompaniýalaryň üstünlikli we çalt COVID-19 ýokanjyna garşy sanjymlaryna bagly bolup durýar. Bu bolsa öz gezeginde howply ýokanjy gözegçilik astynda saklamaklyga ýardam berýär.

“Pandemiýanyň täsirini we maýa goýumlaryndaky päsgelçilikleri ýeňip geçmek üçin iş gurşawyny gowulandyrmak, zähmet we önüm bazarlarynyň ýitiligini güýçlendirmek we iş dolandyrylyşynyň hilini ýokarlandyrmak zerurdyr” diýip, Bütindünýä bankynyň prezidenti Dewid Malpass aýtdy.

Geljekki ýagdaýlar barada çaklamalar näbelli bolup, bilermenleriň pikirine görä her hili ýagdaý ýüze çykyp biler. Keselleriň yzygiderli ýokarlanmagy we sanjymlaryň giç girizilmegi 2021-nji ýylda dünýäniň ykdysady ösüşini 1,6% -e ýetirip biler. Eger-de sanjymlar gysga wagtyň içinde girizilse dünýäniň ykdysady ösüşi 5% -e çenli ýokarlanyp biler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022