Merkezi Aziýadan Hytaýa 39 milliard kub metrden gowrak gaz iberildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Merkezi Aziýadan Hytaýa 39 milliard kub metrden gowrak gaz iberildi
Merkezi Aziýa-Hytaý gaz geçirijisi 2009-njy ýylyň dekabrynda işe girizildi. (Surat: China Daily)

Merkezi Aziýadan Hytaýa 2020-nji ýylda gaz geçirijisiniň üsti bilen 39 milliard kub metrden gowrak tebigy gazy iberildi. Bu barada “PipeChina West Pipeline Company” hytaý kompaniýasynyň çarşenbe güni çap eden maglumatyna salgylanyp, “Xinhua” habarlar agentligi habar berdi.

Merkezi Aziýa-Hytaý gaz geçirijisi Türkmenistan bilen Özbegistanyň araçäginden gözbaş alyp gaýdýan we Özbegistan bilen Gazagystanyň çäklerinden geçýän, Hytaýyň Günbatar-Gündogar gaz geçirijisi bilen Sinszýan-Uýgur awtonom sebitindäki Horgos serhet geçelgesinde birleşýän ilkinji serhetüsti gaz geçirijisidir.

Taslama kuwwaty ýylda 60 milliard kub metr gaz bolan 1833 kilometrlik Merkezi Aziýa-Hytaý gaz geçirijisi 2009-njy ýylyň dekabrynda işe girizilip, 11 ýyldan bäri durnukly we howpsuz işini dowam edip gelýär.

Häzirki wagta çenli Hytaý bu gaz geçiriji arkaly 336 milliard kub metrden gowrak tebigy gazy import etdi we 27 welaýatyň, merkezi dolandyryş şäherleriniň we awtonom sebitleriniň, Sýanganyň ýörite dolandyryş sebitiniň 500 milliondan gowrak ýaşaýjysyny tebigy gaz bilen üpjün etdi.

Kompaniýanyň maglumatyna görä, Merkezi Aziýa-Hytaý gaz geçirijisi arkaly import edilen tebigy gazyň möçberi 2020-nji ýylda Hytaýda sarp edilen jemi gazyň 15%-den gowragyny düzdi.

Bilermenleriň pikirine görä bu gaz geçirijisiniň durnukly işlemegi,  onuň ýerleşýän döwletlerinde ykdysady ösüşi höweslendirmekde möhüm orun eýeledi we Hytaýyň energiýa gurluşynyň “ýaşyllaşmagyna” goşant goşdy.

2022