Türkmenistan we Pakistan ikitaraplaýyn söwda hyzmatdaşlygy pugtalandyrýarlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan we Pakistan ikitaraplaýyn söwda hyzmatdaşlygy pugtalandyrýarlar
A.Möwlamow we Abdul Razak Dawud ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegi ara alyp maslahatlaşdylar. (Surat: Pakistan Daily)

Türkmenistan we Pakistan ikitaraplaýyn söwda gatnaşyklaryny has-da çuňlaşdyrmaga tagalla edýärler. Bu barada “The Express Tribune” gazeti habar berýär.

Penşenbe güni geçirilen duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamow we Pakistanyň premýer-ministriniň söwda we maýa goýumlary boýunça geňeşçisi Abdul Razak Dawud ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegi ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli söwdanyň mukdarynyň bar bolan mümkinçiliklerini we söwda dolanyşygyny ýokarlandyrmak üçin çäreleriň görülmelidigi barada ylalaşdylar.

Habarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Pakistanyň Söwda ministrligi Owganystan we Pakistany Merkezi Aziýanyň bäş ýurdy bilen integrirlemek meýilnamasy boýunça Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy güýçlendirmek strategiýasyny işläp düzýär.

Şunuň bilen baglylykda, ilçi şu ýyl Bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň altynjy mejlisiniň geçirilmegine ünsi çekdi. Mundan başga-da, Gwadar porty bilen Türkmen portlarynyň arasynda özara düşünişmek Ähtnamasyna gol çekilmegi ara alyp maslahatlaşyldy.

Pakistanyň söwda geňeşçisi Gwadar we Karaçi portlaryndan demirýol we ulag-üstaşyr geçelgesi arkaly harytlary daşamak baradaky türkmen tarapynyň teklibine ýokary baha berdi.

Gwadar porty Pakistanyň Bulujystan welaýatynyň Gwadar şäherinde Arap deňziniň kenarynda ýerleşýän iň çuň deňiz portudyr.

2022