Daşoguzly telekeçi ary balyny öndürmegi artdyrýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Daşoguzly telekeçi ary balyny öndürmegi artdyrýar
Kärhana “Genç” haryt nyşanly ary bal önümlerini öndürýär.

Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabyndan telekeçi Islam Ýakubow öz ýolbaşçylyk edýän hususy kärhanasynda 2020-nji ýylda 35 tonna golaý ary balyny öndürdi. Bu barada “Rysgal” gazeti duşenbe güni habar berdi.

Kärhana “Genç” haryt nyşanly ary bal önümlerini öndürýär. Ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa önümlere diňe bir welaýatyň çäginde däl, ýurdumyzyň beýleki sebitlerinde-de uly isleg bildirilýär.

Habarda bellenilişi ýaly, kompaniýa arylaryň idedilýän ýerleri, olaryň şire ýygnaýan dürli gülleri bilen baglylykda, häzirki wagtda jemi 10 görnüşli ary balyny öndürýär. Kärhananyň gap-gaç ýuwulýan bölümi, önüm gaplanylýan bölümi, çig mal ammary, taýýar önümleriň ammary, barlaghana ýaly bölümlerinde 10-a golaý hünärmen zähmet çekýär.

Geljekde kärhana öz önümçiligini has-da ýokarlandyryp, önümleriniň görnüşlerini artdyrmagy we olary daşary ýurtlara eksport etmegi maksat edinýär.