AÖB-niň Merkezi we Günbatar Aziýa boýunça täze ýolbaşçysy bellenildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
AÖB-niň Merkezi we Günbatar Aziýa boýunça täze ýolbaşçysy bellenildi
Täze ýolbaşçy AÖB bilen Merkezi Aziýa sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk (CAREC) maksatnamasynyň özara gatnaşyklaryna ýolbaşçylyk eder.

Aziýanyň ösüş banky (AÖB) Ýewgeniý Žukowy Merkezi we Günbatar Aziýa boýunça bankyň sebit bölüminiň ýolbaşçysy wezipesine belledi.

AÖB-niň anna güni ýaýradan metbugat beýanatyna görä, ýolbaşçy hökmünde Ý.Žukow sebitiň 10 ýurduna gözegçilik eder: Owganystan, Azerbaýjan, Ermenistan, Gruziýa, Gazagystan, Gyrgyzystan, Pakistan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan. Ol şol bir wagtda bankyň sebit boýunça 24 milliard ABŞ dollarlyk bukjasyna hem gözegçilik eder.

Ý.Žukow bankyň 10 ýurtdaky wekilhanalaryň düzümindäki 7 sany pudak bölümleriniň işlerini utgaşdyrar: energetika; daşky gurşaw, tebigy baýlyklar we oba hojalyk; döwlet dolandyrylyşy, maliýe pudagy we söwda; sebitleýin hyzmatdaşlyk we amallaryň utgaşdyrylmagy; jemgyýet; ulag we aragatnaşyk;  şäher ösüşi we suw dolandyrylyşy.

Şeýle-de, Ý.Žukow AÖB bilen Merkezi Aziýa sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk (CAREC) maksatnamasynyň özara gatnaşyklaryna ýolbaşçylyk eder. Maksatnama 11 agza döwletleriň arasyndaky ykdysady we durnukly ösüşiň hyzmatdaşlygyna gönükdirlendir.

Ýewgeniý Žukow 30 ýyl töweregi Merkezi we Günbatar Aziýa boýunça bankyň sebit bölüminiň ýolbaşçysy wezipesinde işlän we ýakyn wagtda pensiýa çykan Werner Lipahyň wezipesine geçer.