Türkmenistanda ýene howanyň sowamagyna garaşylýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda ýene howanyň sowamagyna garaşylýar
Howanyň temperaturasynyň 21-nji ýanwarda gije -5°C çenli peselmegi çaklanylýar.

Gysga wagtlap dowam eden maýyl howadan soň, ýurdumyzda howanyň temperaturasynyň düýpgöter peselmegine garaşylýar. Bu barada “ORIENT.tm” anna güni habar berdi.

Geljek hepde Russiýanyň Ýewropa böleginiň günortasyndan we Gazagystanyň günbataryndan hereket edýän sowuk howa Türkmenistanyň çäklerine geler. Sowuk howa tutuş sebitde aýlanyp, netijede temperaturanyň ep-esli peselmegine sebäp bolar.

20-nji ýanwardan başlap, howanyň aşa sowamagyna garaşylýar. Paýtagtda howanyň temperaturasynyň 21-nji ýanwarda gije -5°C çenli peselmegi çaklanylýar. Günüň dowamynda ygally howa bolup, gar ýagmagyna garaşylýar.

Türkmenistanda pes temperatura iki hepde töweregi dowam eder. Käbir sebitlerde howanyň temperaturasy -15°C çenli düşer.

Möwsümleýin sowuklamalaryň öňüni almak üçin Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we Derman senagaty ministrligi howa şertlerine görä geýinmegi we kadaly iýmitlenmegi maslahat berýär.

2022