Türkmenistan bilen Gazagystanyň logistika guramalary hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan bilen Gazagystanyň logistika guramalary hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar
“Türkmen Logistika” Assosiasiýasy 2020-nji ýylyň 2-nji iýulynda esaslandyryldy.

“Türkmen Logistika” Assosiasiýasy (TLA) we Gazagystanyň “KAZLOGISTICS” ulag bileleşigi hyzmatdaşlyk Ähtnamasyna gol çekdiler. Bu barada “ORIENT.tm” anna güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, gol çekilen resminama iki tarapyň sebitleýin we halkara çärelere, özara peýdaly çözgütleri döretmek üçin bilelikdäki taslamalary işläp düzmekde we durmuşa geçirmekde, şeýle hem halkara we maliýe guramalarynyň maýa goýum taslamalaryna gatnaşmagyny üpjün edýär.

Mundan başga-da, Ähtnamada Gazagystanyň “KAZLOGISTICS” ulag bileleşigi bilen “Türkmen Logistika” Assosiasiýasynyň arasynda maglumat we tejribe alyşmak ýaly hyzmatdaşlygyň birnäçe görnüşi göz öňünde tutulýar. Hyzmatdaşlyk hünär derejelerini artdyrmakda okuw kurslaryny we seminarlary geçirmek, logistika pudagynda häzirki zaman sanly ulgamlary ornaşdyrmakda hünärmenleri taýýarlamak ýaly çäreleri öz içine alýar. Bu bolsa logistika pudagynda üpjünçilik zynjyryna we halkara ulag meselelerine netijeli çözgüt bolar.

Şeýle hem, hyzmatdaşlygyň çäginde halkara guramalaryň, kompaniýalaryň we logistika pudagyndaky hünärmenleriň gatnaşmagynda tejribe alyşmalar, okuw seminarlary, konferensiýalar, işewür forumlary, okuw maslahatlary, tegelek stollar guralar.

“Türkmen Logistika” Assosiasiýasy 2020-nji ýylyň 2-nji iýulynda esaslandyryldy. Assosiasiýa 90-dan gowrak ulag we logistika kompaniýalaryny öz içine alýar we bu sanaw her gün täze agzalar bilen köpelýär.

2022