Aşgabatda binalaryň seýsmiki ýagdaýy boýunça seminar geçirilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabatda binalaryň seýsmiki ýagdaýy boýunça seminar geçirilýär
Okuw maksatnamasy nazary we amaly sapaklary öz içine alýar. (Surat: BMGÖM)

Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy instituty ýurduň hünärmenleri üçin binalaryň inženerçilik gözlegleri boýunça iki hepdelik seminar guradylar.

BMGÖM-iň penşenbe güni ýaýradan metbugat beýanatynda habar berlişi ýaly, onlaýn okuw “Türkmenistanyň seýsmiki töwekgelçiliklerini bahalandyrmak, bolup biljek ýer titremeleriniň öňüni almak we olara garşy göreşmekde milli potensialy güýçlendirmek” atly bilelikdäki taslamanyň çäklerinde geçirilýär.

Taslamanyň çäginde binalaryň inženerçilik gözlegleri boýunça Germaniýanyň “DiGOS Potsdam GmbH” kompaniýasy tarapyndan öndürilen seýsmiki yrgyldylary ýazga almak üçin häzirki zaman enjamy getirildi.

Seýsmiki enjamyň üpjünçiligi ýerli hünärmenleri taýýarlamak, Germaniýanyň we Gyrgyzystanyň tejribeli hünärmenleri tarapyndan ölçeg netijelerini seljermek ýaly okuw işlerini göz öňünde tutýar.

“Has ýokary netijelilik gazanmak üçin iki tapgyrly uzak möhletleýin dowamly okuw geçirmek barada ylalaşyldy. Ilki bilen Germaniýanyň we Gyrgyzystanyň mugallymlary ökde ýerli hünärmenleriň dördüsini okadarlar. Soňra bolsa ýerli hünärmenler mugallymlaryň goldawy bilen 6-8 adamdan ybarat bolan ikinji topary taýýarlarlar” diýip, taslamanyň hünärmeni Japar Karaýew belledi.

Okuw maksatnamasy nazary we amaly sapaklary öz içine alýar. Okuwyň dowamynda diňleýjiler ölçeg netijelerini seljermek bilen dürli gatly 3-4 binada inženerçilik gözlegini geçirerler.

 
Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022