Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow duşenbe güni Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli paýtagtymyzyň çäginde ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän Söwda we dynç alyş merkezli desgalar toplumynyň gurluşygy bilen tanyşdy.
TDH-nyň habar berşi ýaly, bu ýerde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy Döwran Hudaýberdiýew döwlet Baştutanymyza Söwda we dynç alyş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler, toplumyň çäginde bina edilýän desgalar we olaryň aýratynlyklary, aýratyn-da, bu ýerde bina edilýän ýaşaýyş jaýlarynda döredilýän mümkinçilikler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz ilki bilen ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy, olaryň bezeg aýratynlyklary bilen tanyşdy. Bu ýerde öýleriň we otaglaryň hemmesi ýaşaýjylaryň sargytlary esasynda abadanlaşdyrylýar. Ýaşaýyş jaýlarynyň käbir öýleriniň meýdany 638 inedördül metre barabardyr. Ýaşaýyş jaýlarynda köp çagaly maşgalalar üçin niýetlenen 6 we 7 otagly öýler hem bar.
Soňra döwlet Baştutanymyz toplumyň çäginde gurulýan sebitde iri Söwda we dynç alyş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Bu ýerde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna merkezde gurulýan binalaryň aýratynlyklaryna, olaryň içki we daşky bezeg işlerine, ulanylýan gurluşyk serişdelerine degişli taslamalar görkezildi.
Hormatly Prezidentimiz şäheriň gözel künjekleriniň birinde bina edilýän we birnäçe durmuş maksatly desgalary özünde jemleýän bu toplumyň “Aşgabat” diýlip atlandyrylmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi, munuň paýtagtymyzyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna mynasyp sowgat boljakdygyny aýdyp Aşgabat şäheriniň häkimine degişli tabşyryklary berdi.
Mundan başga-da, Döwlet Baştutanymyz Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň buýurmasy esasynda Köpetdagyň eteginde gurulýan desgalar toplumynyň, şäheriň günorta künjeginde gurulýan “Türkmenbaşy” we “Senagat” banklarynyň täze binalarynyň gurluşygy bilen tanyşdy.