BMG-niň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň (UNODС) we Bütindünýä Gümrük guramasynyň bilermenleri 2021-nji ýylyň 19-21-nji ýanwar aralygynda “Konteýnerli daşamalara gözegçilik etmek boýunça” Ählumumy maksatnamasynyň çäklerinde Port gözegçilik toparlarynyň (PGT) agzalary üçin okuw maslahatyny geçirdiler.
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň (TDGG) şenbe güni habar berşi ýaly, okuw maslahata Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Merkezi edarasyndan PGT utgaşdyryjy işgäri, Aşgabat halkara gümrük terminalynyň Port gözegçilik toparlarynyň agzalary, şeýle hem Türkmenbaşy şäherindäki Halkara deňiz port gözegçilik toparynyň agzalary gatnaşdylar.
Maslahatyň maksady Port gözegçilik toparlarynyň agzalarynyň ýokary töwekgelçilikli ýükleri profilirlemek we barlamak, şeýle hem gümrük gözegçiliginiň häzirki zaman usullaryny we ulgamlaryny ulanmak boýunça nazary hem-de amaly başarnyklaryny güýçlendirmekden ybaratdyr.
Okuwyň barşynda “Konteýnerli daşamalara gözegçilik etmek boýunça” ulag resminamalarynda beýan edilen maglumatlary barlamak, seljermek we gerekli maglumatlary almak üçin internet ulgamyndan peýdalanmak, ulag serişdelerinde goýulýan plombalaryň görnüşleri, olara zeper ýetirilmän konteýnerlerdäki ýüke aralaşmak mümkinçilikleri, şeýle hem ulag resminamalaryny, ýük gümrük deklarasiýalary boýunça töwekgelçilikleri seljermek boýunça maglumatlar berildi we tejribeleri paýlaşmak boýunça özara pikir alşyldy. UNODС-nyň wekilleri Sendra Wens we Gerhart Retif agzalan meseleler boýunça çykyş etdiler.
Bilermenler şeýle halkara derejeli çäreleriň gümrük serhedinden geçirilmegi gadagan edilen harytlaryň bikanun dolanyşygyna garşy göreşiň daşary ýurt tejribesi we häzirki zaman usullary bilen tanyşmakda hem-de täze tejribeleri durmuşa geçirmekde ähmiýetini bellediler.