AIMGB Aziýa sebitindäki taslamalara 13 milliard ABŞ dollaryny goýbermekçi

BIZNES TÜRKMENISTAN
AIMGB Aziýa sebitindäki taslamalara 13 milliard ABŞ dollaryny goýbermekçi
Häzirki wagtda dünýäniň 104 ýurdy maliýe birleşiginiň agzasydyr. (Surat “China Daily”)

Hytaýyň Urumçy şäherinde Aziýanyň infrastruktura maýa goýum bankynyň (AIMGB) wekilleri bilen Merkezi Aziýa sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk (MASYH) institutynyň ýolbaşçylarynyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada “ORIENT.tm” çarşenbe güni habar berdi.

AIMGB-niň ýolbaşçysy Konstantin Limitowskiý bankyň görkezilen taslamalary üçin 13 milliard ABŞ dollary möçberinde maýa goýumlaryny bölüp bermäge taýýardygyny aýtdy.

AIMGB-niň we MASYH-yň ýolbaşçylary Merkezi Aziýadaky söwda päsgelçiliklerini aýyrmak üçin bilelikde işlemegiň ähmiýetini belläp geçdiler.

Häzirki wagtda 22 milliard ABŞ dollary möçberinde borçnamalary bar bolan dünýäniň 104 ýurdy maliýe birleşiginiň agzasydyr. Bank Özbegistanyň suw we transport pudaklarynda, Täjigistanyň energetika pudagynda, şeýle hem Gazagystanyň býujet goldawy bilen baglanyşykly taslamalarynda işjeň çykyş edýär.

MASYH Instituty Owganystan, Azerbaýjan, Hytaý Halk Respublikasy, Gruziýa, Gazagystan, Gyrgyzystan, Mongoliýa, Pakistan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan bilen bilelikde dolandyrylýan hökümetara guramadyr. Onuň esasy maksady gurama girýän döwletleriň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybaratdyr.