“Gazprom” Türkmenistandan satyn alýan gazynyň möçberini artdyrmagy meýilleşdirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Gazprom” Türkmenistandan satyn alýan gazynyň möçberini artdyrmagy meýilleşdirýär
Türkmenistandan Russiýa “mawy” ýangyjyň ugradylmagy 2019-njy ýylda 4 milliard kub metr deň boldy. (Surat: “Gazprom”)

“Gazprom” 2020-2035-nji ýyllar aralygynda Türkmenistandan satyn alýan gazynyň möçberini 5,5 milliard kub metre çenli artdyryp biler. Bu barada Russiýanyň gaz pudagyny 2035-nji ýyla çenli ösdürmek boýunça baş meýilnamanyň taslamasyna salgylanyp “TASS” agentligi çarşenbe güni habar berdi.

Meýilnama laýyklykda, 2021-nji ýylda Merkezi Aziýadan Russiýa Federasiýasyna eksport edilýän gazyň möçberini 26,6 milliard kub metre çenli artdyrmak meýilleşdirilýär. Geçen ýyl deslapky çaklamalara görä, Merkezi Aziýadan satyn alnan gazyň eksport möçberi 26 milliard kub metre barabar boldy.

Türkmenistandan Russiýa “mawy” ýangyjyň ugradylmagy 2019-njy ýylda 4 milliard kub metr deň boldy. Özbegistandan 2019-njy ýylda 7,7 milliard kub metr gaz we Gazagystandan bolsa 14,2 milliard kub metr gaz satyn aldy.

Şeýle hem, eksport edilýän rus gazynyň bahasy 2025-nji ýylda 1000 kub metr üçin 146 ABŞ dollaryndan 211 ABŞ dollary aralygynda boljakdygy bellenildi.

“Gazprom” 2020-nji ýylda daşary ýurtlara 179,3 milliard kub metr gaz eksport etdi. Agentligiň habar berşi ýaly, pandemiýa döwründe görkeziji 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende 10% azaldy.

Türkmenistan tebigy gazyň subut edilen gorlary boýunça dünýäde Russiýadan, Eýrandan we Katardan soň dördünji orny eýeleýär. Häzirki wagtda ýurduň gaz gorlary 50 trillion kubmetrden gowrak möçberde bahalandyrylýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022