Astrahanda Türkmenistan üçin iki sany gury ýük gämileri gurlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Astrahanda Türkmenistan üçin iki sany gury ýük gämileri gurlar
Astrahanyň gämi gurluşyk kärhanasy Türkmenistan üçin birnäçe gury ýük gämilerini gurar. (Surat: mid.astrobl.ru)

Russiýanyň Astrahan oblastynda ýerleşýän “Günorta gämi gurluşyk we gämi abatlaýyş merkezi” gury ýük gämileriniň birnäçesini gurmak üçin sargyt aldy. Bu barada “RIA Wolga” agentligine salgylanyp, “ORIENT.tm” habar berdi.

“Astrahan oblastynyň häkimi tarapyndan geçirilen ýygnaklaryň netijesinde kärhanalarymyzda Türkmenistan üçin birnäçe gämi, ýagny iki gury ýük gämisini gurmak hakynda sargyt boýunça ylalaşyk gazanyldy. Olary “Günorta gämi gurluşyk we gämi abatlaýyş merkezi” gurar diýip, oblastyň hökümetiniň ýygnagynda Astrahan oblastynyň halkara gatnaşyklar agentliginiň ýolbaşçysy Wladimir Golowkow aýtdy.

Golowkow gämi gurluşygynyň Astrahan oblasty bilen Türkmenistanyň arasyndaky özara gatnaşyklarynyň esasy ugurlarynyň biridigini nygtap geçdi. Onuň aýtmagyna görä, öz wagtynda Türkmenistandan gelen sargytlar 750 million ABŞ dollaryna barabar boldy.

“Ýörite maksatly gämileri we awtoulag paromlaryny gurmak baradaky sargytlar boýunça goşmaça gepleşikler geçirýäris” diýip agentligiň ýolbaşçysy nygtap geçdi.

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçisi Batyr Nyýazlyýew Astrahan oblastynyň häkimi Igor Babuşkin bilen 2020-nji ýylyň oktýabr aýynda geçirilen duşuşygyň barşynda Astrahanyň gämi abatlaýyş kärhanalarynda Türkmenistan üçin birnäçe gämi gurmagyň mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşypdylar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022