Gazagystanda HPG-nyň täze sebitleýin merkezi açyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gazagystanda HPG-nyň täze sebitleýin merkezi açyldy
Bu merkez HPG-nyň sebitleýin 17-nji merkezi bolup, sebitde ýurtlaryň mümkinçiliklerini ösdürmek boýunça iş alyp barar. (Surat: "Reuters")

Halkara pul gaznasynyň (HPG) Kawkaz, Merkezi Aziýa we Mongoliýa ýurtlarynyň mümkinçiliklerini ösdürmek boýunça sebitleýin merkeziniň (CCAMTAC) utgaşdyryjy komiteti geçen penşenbe güni geçiren ilkinji maslahatynda Gazagystanyň Almaty şäherinde täze merkeziň duşenbe güni açylmagyny goldady we onuň ýakyn aýlar üçin iş maksatnamasyny mälim etdi.

HPG-nyň duşenbe güni ýaýradan metbugat beýanatyna görä, komitetiň ýygnagy we merkeziň açylmagy Gazagystanyň Milli bankynyň ýolbaşçysy Ýerbolat Dossaýew bilen HPG-nyň müdiri Kristalina Georgiýewanyň arasynda 2020-nji ýylyň 14-nji dekabrynda özara düşünişmek Ähtnamasynyň gol çekilmegi esasynda amala aşyryldy.

Merkez iş tertibini Gazagystanyň Almaty şäherinde adaty ýagdaýda başlamazdan ozal onlaýn görnüşde ýerine ýetirer. Şeýle hem bu merkez HPG-nyň sebitleýin 17-nji merkezi bolup, sebitde ýurtlaryň mümkinçiliklerini ösdürmek boýunça iş alyp barar.

Habarda bellenilişi ýaly, merkez sebitdäki makroykdysady we salgyt syýasaty, agza ýurtlarynyň ileri tutulýan ugurlaryna giňişleýin baha bermäge esaslanýan makroykdysady statistika ugurlarynyň mümkinçiliklerini ösdürmek boýunça iş alyp barar.

Merkez HPG-nyň baş edarasy we Bilelikdäki Wena instituty, Singapur okuw instituty hem-de Hytaý-HPG-nyň mümkinçiliklerini ösdürmek merkezi ýaly sebitleýin merkezler bilen tejribe alyşmakda ýakyn hyzmatdaşlyk eder.

“Almatyda merkeziň açylmagy Gazagystan üçin uly buýsançdyr we täze merkeziň işe girişmegine hem-de sebitde ýakyn hyzmatdaşlyga begenýäris” diýip, Gazagystanyň Milli bankynyň ýolbaşçysynyň orunbasary we Utgaşdyryjy komitetiniň ilkinji mejlisiniň başlygy Aliýa Moldabekowa belläp geçdi.

“HPG CCAMTAC arkaly sebit bilen strategiki hyzmatdaşlygy güýçlendirip, edarany innowasiýa merkezine öwürmäge ygrarlydyr” diýip, HPG-nyň Ýakyn Gündogar we Merkezi Aziýa bölüminiň müdiri Jihad Azour nygtady.

CCAMTAC bu HPG-nyň, Ermenistan, Azerbaýjan, Gruziýa, Gazagystan, Gyrgyzystan Respublikasy, Mongoliýa, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan ýaly HPG-nyň agza ýurtlarynyň we guramanyň hyzmatdaşlarynyň arasyndaky bilelikdäki merkezdir.

2022