IRU Türkmenistanyň transport başlangyçlaryny goldaýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
IRU Türkmenistanyň transport başlangyçlaryny goldaýar
Türkmenistanyň infrastrukturasynyň hemmetaraplaýyn kämilleşdirilmegi ugrundaky tagallalararyna ýokary baha berildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow çarşenbe güni Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň (IRU) Baş sekretary Umberto de Pretto bilen wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly onlaýn gepleşikleri geçirdi.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň resmi sahypasynda habar berlişi ýaly, ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ösdürilmegi, logistikanyň we sanly ulgamyň kämilleşdirilmegi arkaly ýurtlaryň arasyndaky özara baglanyşyklylygyň gowulandyrylmagyna gönükdirilen bilelikdäki hereketleriň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Umberto de Pretto Türkmenistanyň Hökümetiniň ýurtda we sebitde diňe bir ýol ulaglarynyň ulgamynda däl-de, eýsem infrastrukturanyň hemmetaraplaýyn kämilleşdirilmegi ugrundaky tagallalaryna ýokary baha berdi.

Umberto de Prettonyň belleýşi ýaly, IRU Türkmenistanda kuwwatly döwrebap düzümleri gurmak bilen birlikde, halkara konwensiýalaryna we ylalaşyklaryna goşulmak arkaly onuň netijeli ulanylmagynyň ýokarlandyrylmagy üçin şertleri döretmek boýunça hem amala aşyrylýan giň gerimli işleri goldaýar.

IRU-nyň Baş sekretary Lazurit (Lapis Lazuli) geçelgesiniň, şeýle hem  Demirgazyk-Günorta we Gündogar-Günbatar ugurlary boýunça beýleki ulag-üstaşyr geçelgeleriniň iş ýüzünde peýdalanmagynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny belledi.

Şeýle hem taraplar 2021-nji ýylda Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp gelýän ýurtlaryň ministrleriniň Halkara maslahatyna görülýän taýýarlyklary hem ara alyp maslahatlaşdylar.

Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşigi milli ýol ulag birleşikleriniň we guramalarynyň bähbitlerini özünde jemleýär. Gurama Ženewada 1948-nji ýylyň mart aýynda esaslandyryldy.