Täjigistan: Türkmenistana barýan demir ýol taslamasy durmuşa geçirilmelidir

BIZNES TÜRKMENISTAN
Täjigistan: Türkmenistana barýan demir ýol taslamasy durmuşa geçirilmelidir
Demir ýolunyň täjik bölegi Jaloliddin Balhi we Pýanj etraplaryndan geçip Owganystanyň Kunduz şäherine biriger. (Surat: infojd.ru)

Täjigistan-Owganystan-Türkmenistan demir ýol taslamasynyň Täjigistan böleginiň durmuşa geçirilmegi üçin takmynan 128 million ABŞ dollary gerek bolar diýip, Täjigistanyň Transport ministri Azim Ibrohimyň penşenbe güni gurnalan metbugat ýygnagynda aýdanlaryna salgylanyp “Avesta.tj” agentligi habar berdi.

Onuň aýtmagyna görä, bu taslama üçin demir ýol ugry hökümet komissiýasy tarapyndan tassyklandy we onuň durmuşa geçirilmegi boýunça serişdeleri toplamak boýunça gepleşikler alnyp barylýar.

Täjigistan bu taslama gatnaşmakdan ýüz öwürmedi we ony durmuşa geçirer. Mesele taslamany maliýeleşdirmekden ybaratdyr. Häzirki wagtda Aziýanyň Ösüş Banky we Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky bilen bu taslamanyň täjik bölümini maliýeleşdirmek boýunça gepleşikler alnyp barylýar” diýip, ministrligiň ýolbaşçysy belledi.

Transport ministriň belleýşi ýaly, demir ýolunyň täjik bölegi Jaloliddin Balhi we Pýanj etraplaryndan geçip Owganystanyň Kunduz şäherine biriger.

Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýoluny gurmak boýunça Ähtnama 2013-nji ýylyň mart aýynda üç ýurduň döwlet Ýolbaşçylary tarapyndan gol çekildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022