“Таliban” Owganystandaky türkmen infrastruktura taslamalaryny goldaýandygyny mälim etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Таliban” Owganystandaky türkmen infrastruktura taslamalaryny goldaýandygyny mälim etdi
“Таliban” Hereketiniň Syýasy edarasynyň wekiliýeti Daşary işler ministrliginde gepleşikler geçirmek üçin Türkmenistana sapar gurady. (Surat: Twitter)

Ýakyn wagtda TOPH, TOP ýaly taslamalaryň, şol sanda Türkmenistandan Owganystana demir ýollaryň gurluşygynyň başlanmagy Owganystanda parahatçylygyň ýola goýulmagyna we onuň ykdysady taýdan ösüşine güýçli itergi berjekdigi gürrüňsizdir diýip, “Таliban” Hereketiniň Syýasy edarasynyň beýanatynda aýdylýar.

“Таliban” hereketiniň syýasy edarasynyň ýolbaşçysy Molla Abdul Gani Baradaryň baştutanlygyndaky wekiliýet Türkmenistana sapar bilen geldi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamy, şeýle-de Türkmenistany Owganystan bilen baglaşdyrýan demir ýollarynyň gurluşyklarynyň taslamalarynyň howpsuzlygy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti bilen geçirilen gepleşikleriň barşynda taraplar Türkmenistanyň köp ýyllaryň dowamynda owgan halkyna ähmiýetli goldaw berýändigi, ilkinji nobatda energetika, ulag we aragatnaşyk ulgamlary ýaly wajyp strategiki ugurlarda owgan ykdysadyýetiniň ösüşine ýardam edýändigi aýratyn nygtadylar.

“Bir tarapdan, biziň ýurdumyzyň garaşsyzlygy ugrunda göreş dowam edýän wagtynda, biz beýleki tarapdan döwletimiziň çäginde durmuşa geçirilýän ähli milli taslamalaryň goraglylygyny üpjün etmek arkaly, halkymyzyň abadançylygyna we ýurdumyzyň ösüşine saldamly goşant goşmaklyga çalyşýarys” diýip, “Таliban” hereketiniň Syýasy edarasynyň we Gepleşikler toparynyň wekili Mohammad Suhail Şahin şenbe güni Aşgabatda metbugata ýüzlenmesinde aýtdy.

“Biz Bitarap Türkmenistanyň Owganystan babatynda alyp barýan syýasatyna hem-de goňşy Türkmenistan tarapyndan Owganystana gatnaşykda durmuşa geçirilen, häzirki wagtda dowam edýän we geljekde hem beriljek köpýyllyk syýasy we ykdysady goldawa oňyn baha berdik. Şunuň bilen baglylykda, biz ýurdumyzda TOPH we beýleki infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilmegini hem-de howpsuzlygynyň üpjün edilmegini doly goldaýandygymyzy beýan edýäris” diýip, “Таliban” hereketiniň metbugat wekili belledi.

Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň uzynlygy 1840 km barabar bolar. Onuň ýyllyk kuwwaty 33 milliard kub metre çenli tebigy gazy üpjün etmäge niýetlenip, geçiriji dünýäde ikinji iň uly gaz ýatagy bolan Galkynyşdan başlar. Gaz geçirijiniň soňky barjak ýeri Pakistan bilen Hindistanyň serhediniň golaýynda ýerleşýän Hindistanyň Fazilka şäheri bolar. Hindistan bilen Pakistanyň hersi 14 milliard kub metr tebigy gaz, Owganystan bolsa galan 5 milliard kub metrini satyn alar.

Şeýle hem, TOPH ugry boýunça elektrik geçirijisiniň we optiki süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygy tamamlanyp gelýär. Şu ýylyň ýanwar aýynda Akina - Andhoý demir ýoly, Ymamnazar (Türkmenistan) - Akina (Owganystan) hem-de Serhetabat (Türkmenistan) - Turgundy (Owganystan) halkara optiki süýümli aragatnaşyk ulgamy we üstaşyr akymlary, şeýle hem Türkmenistanyň Kerki şäherinden Owganystanyň Şibergan şäherine çenli elektrik geçirijisi işe girizildi.

2022