Eýran Yslam Respublikasynyň energetika ministri Reza Ardakanian elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak boýunça Türkmenistan bilen gepleşiklere gaýtadan başlandygyny mälim etdi. Bu barada “Ilna.news” agentligine salgylanyp, “ORIENT.tm” duşenbe güni habar berdi.
“Biz Türkmenistan bilen gepleşiklere täzeden başladyk we bu ugurda ýüze çykan arakesme sebäpli Türkmenistandan köp mukdarda elektrik toguny import etmek kararyna gelindi” diýip, Reza Ardakanian žurnalistlere ýüzlenmesinde aýtdy.
Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistan we Eýran satyn alyş-beriş işinde, türkmen elektrik energiýasynyň üstaşyr geçirmesinde köpden bäri däp bolan hyzmatdaşlar bolup çykyş edýärler. 2003-nji ýylda Balkanabat-Gombad elektrik geçirijisi arkaly Türkmenistandan Eýrana 220 kW kuwwatly elektrik energiýasy ugradylyp başlandy.
Türkmenistanyň elektrik energiýasynyň eksportyny artdyrmak üçin Mary döwlet elektrik stansiýasynyň elektrik birliklerini täzeden gurmak, Türkmenistan-Eýran serhedine çenli Mary-Sarahs 400 kW kuwwatly elektrik geçirijilerini gurmak we şol elektrik geçirijileri Balkanabat döwlet elektrik stansiýasyndan çekmek meýilleşdirilýär.
Türkmenistan 2020-nji ýylda elektrik energiýasynyň eksportynyň bahasyny 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende 2,4 esse artdyrdy. Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň maglumatlaryna görä, elektrik energiýasynyň üpjünçiliginiň fiziki möçberi 2,1 esse ýokarlandy.
Owganystan, Eýran we Özbegistan häzirki wagtda türkmen elektrik energiýasynyň esasy satyn alyjylarydyr. Geljekde goňşy ýurtlara elektrik energiýasynyň eksportynyň möçberini artdyrmak meýilleşdirilýär.
Pudagy ösdürmek meýilnamasyna laýyklykda, 2024-nji ýyla çenli Türkmenistanda elektrik energiýasynyň önümçiligi ýylda 33 milliard kilowat sagada ýeter. Goýlan maksada ýetmek üçin bar bolan önümçilik desgalary döwrebaplaşdyrylýar. 2018-nji ýylda Maryda ilkinji kombinirlenen bug-gaz elektrik stansiýasy açyldy.