BT Türkmenistanda iň köp okalýan habar saýty boldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
BT Türkmenistanda iň köp okalýan habar saýty boldy
“Biznes Türkmenistan” saýtynda girilen sahypalaryň sany 2 milliona ýetdi.

Dünýädäki saýtlaryň iň ygtybarly reýtingini düzýän “Alexa Internet Traffic” saýtynyň 2021-nji ýylyň 11-nji fewralyndaky görkezijilerine görä, işe girizilmegine 1,5 ýyldan gowrak wagt bolan “Biznes Türkmenistan” internet neşiri (BUSINESS.COM.TM) Türkmenistanda iň köp okalýan türkmen saýtlarynyň arasynda birinji, iň köp ulanylýan saýtlaryň arasynda bolsa ilkinji bäşlige girdi. Bu sanaw taýýarlananda soňky üç aýyň dowamynda websaýda giren gündelik ulanyjylaryň sanlary bilen okalan sahypalaryň sanlarynyň utgaşmasy hasaplanylýar.

2019-nji ýylyň 1-nji iýunynda işläp başlan “Biznes Türkmenistan” (BT) internet neşiri Türkmenistanda hasaba alnan täjirçilik habarlary we maglumat hyzmatlary bolup, okyjylara türkmen, iňlis we rus dillerinde ýetirilip başlandy. 2020-nji ýylyň sentýabr aýyndan başlap, oňa türk dili hem girizildi. Onuň mobil goşundysy “Google Play” we “App Store” platformalarynda elýeterlidir.

Häzirki wagtda bu web saýty ulanyjylaryň sany her aý 30%-den gowrak ýokarlanýar. Saýtda girilen sahypalaryň sany 2 milliona ýetip, ony ulanýanlaryň aglaba köpüsi Türkmenistandadyr. “Biznes Türkmenistan” internet neşirine girilýän beýleki ýurtlar esasan Russiýa, ABŞ we Türkiýedir. Web sahypa öýjükli telefon we kompýuter arkaly girýänleriň sany deňdir.

“Biznes Türkmenistan” ýurtdaky we dünýäniň dürli künjegindäki okyjylara biznes maglumatlaryny, habarlary we seljermeleri yzygiderli ýetirip, ýerli we halkara biznesleri hem-de sarp edijilerini dürli ugurlardaky habarlar, maglumatlar we ideýalar boýunça işjeň aragatnaşyga birikdirýär. BT neşiri Türkmenistanyň döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalaryna çykarylýan harytlaryň kotirowkasyny, ýurtda hereket edýän kompaniýalarda döreýän boş iş orunlaryny, hususy kompaniýalar we döwlet edaralary tarapyndan yglan edilýän tenderleri yzygiderli çap edýär.

BT neşirine ýerli we halkara habar beriş serişdeleri, halkara guramalaryň hem-de hökümet edaralarynyň resmi websaýtlary yzygiderli salgylanyp durýarlar. Türkmenistanyň Maliýe we Ykdysadyýet ministrliginiň we Türkiýäniň Söwda ministrliginiň web sahypalary bu saýtda çap edilen habarlara dowamly salgylanýarlar. ABŞ-nyň Söwda ministrliginiň Halkara söwda administrasiýasy Türkmenistan boýunça täjirçilik gollanmasynda täzelik we maglumat çeşmesi hökmünde “Biznes Türkmenistan” web sahypasyny görkezýär.

“Biznes Türkmenistan” internet neşiriniň ýokary derejeli hünärmenleriniň žurnalistika, aragatnaşyk, dil, hukuk, işewürlik, halkara gatnaşyklary we IT ugurlary boýunça ýokary bilimleri we iş tejribeleri bardyr.

Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Birleşmesiniň (TSTB) agzalary tarapyndan açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti hökmünde esaslandyrylan “Biznes Türkmenistan” internet neşiri öz-özüni maliýeleşdirýän, şol sanda mahabatlardan we mahabat makalalaryndan alnan girdejileriň hasabyna iş alyp barýan kompaniýadyr. Kompaniýanyň redaksiýasyna “Türkmenaragatnaşyk” agentligi tarapyndan Türkmenistanyň çäginde aragatnaşyk işlerini, şol sanda habarlary işläp taýýarlamak we ýerleşdirmek bilen bagly işleri alyp barmak üçin Ygtyýarnama berildi.

“Biznes Türkmenistan” internet neşiri Türkmenistanda durmuşa geçirilýän uly göwrümli  taslamalary ýerli we halkara jemgyýetçiligine yzygiderli ýetirmekde alyp barýan işleri üçin Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Birleşmesiniň Hormat hatyna hem mynasyp boldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022