Altyn kölüň kenarynda täze dynç alyş zolagy gurlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Altyn kölüň kenarynda täze dynç alyş zolagy gurlar
Altyn kölüň kenary

Aşgabat şäheriniň demirgazygynda ýerleşýän Altyn kölüň kenarynda 2021-2024-nji ýyllarda dynç alyş zolagy gurlar.

TDH-nyň habar berşi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow degişli Karara anna güni Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň barşynda gol çekdi.

Resminama laýyklykda Gurluşyk we binagärlik ministrligine guruljak dynç alyş zolagynyň baş meýilnamasyny üç aý möhletde işläp düzmek hem-de degişli binalary we desgalary gurmak boýunça potratçylary saýlap almak üçin bäsleşikleri geçirmek tabşyryldy.

Geçen ýylyň iýun aýynda, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Altyn kölüň kenarynda gurlan dynç alyş düzümine degişli desgalar toplumynyň açylyş dabarasy geçirildi.

2022