UNISEF bilen Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy mediýa üçin brifing geçirdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
UNISEF bilen Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy mediýa üçin brifing geçirdi
Bu çäre BSGG-niň we UNISEF-niň wekilhanalarynyň ýurdumyzyň žurnalistleri bilen bilelikde guraýan üçünji mejlisidir. (Surat: BSGG)

BMG-niň Çagalar gaznasynyň (UNISEF) wekilhanasy duşenbe güni wideoaragatnaşyk arkaly Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) ýurdumyzdaky edarasy bilen bilelikde, habar beriş serişdeleri üçin onlaýn brifing geçirdi.

“Türkmenistan:Altyn Asyr” elektron gazetiniň habar berşi ýaly, ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça habarlary taýýarlamak babatda žurnalistleriň bilimini ýokarlandyrmaga gönükdirilen çärä köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, şol sanda elektron serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Brifingiň barşynda ýiti ýokanç kesellerine garşy durmaga we täsir etmäge taýýarlygy üpjün etmegiň meýilnamasyny amala aşyrmakda Türkmenistanyň gazananlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bu çäre BSGG-niň we UNISEF-niň wekilhanalarynyň ýurdumyzyň žurnalistleri bilen bilelikde guraýan üçünji mejlisidir we ýokanç keselleriniň ýaýramagyna garşy göreşmekde hem-de sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmekde habar beriş serişdeleriniň mümkinçiliklerini birleşdirmäge bagyşlanyldy.

Brifingiň esasy meselesi giň jemgyýetçiligiň we ozaly bilen, ýaşlaryň arasynda ýokanç keselleriň öňüni almak hakynda maglumatlary ýaýratmagyň netijeli usullary barada žurnalistleriň bilimini ýokarlandyrmakdan ybarat boldy.

Şeýle hem brifinge gatnaşyjylar bu ugurda dünýäniň öňdebaryjy tejribesi we sebit tejribesi bilen tanyşdylar hem-de ýörite maglumatnamany işläp taýýarlamagyň usulyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Mundan başga-da, BSGG-niň ýurdumyzdaky edara binasynyň wekili COVID-19 pandemiýasy boýunça täze maglumatlar bilen paýlaşyp, agyz-burun örtügini ulanmagyň, durmuş şertlerini we arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmegiň möhümdigini belledi.

2022