Türkmenistanyň we Gazagystanyň logistika pudagynyň wekilleri tejribe alyşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň we Gazagystanyň logistika pudagynyň wekilleri tejribe alyşdylar
Okuw maslahatyň esasy maksady ulag guramalarynyň işgärleriniň başarnyklaryny kämilleşdirmekden ybaratdyr. (Surat: Khorgos Gateway)

“Türkmen Logistika” Birleşiginiň we Gazagystanyň Logistika we Ulag Institutynyň (CILT Gazagystan) wekilleri nobatdaky onlaýn seminaryny geçirdiler. Bu seminara iki ýurduň transport kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Bu barada “ORIENT.tm” duşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, okuw maslahatyň esasy maksady işgärleri dolandyrmak ulgamynda maglumat we tejribe alyşmakdan, ulag guramalarynyň işgärleriniň başarnyklaryny kämilleşdirmekden, şeýle hem logistika kompaniýalarynyň işledilmeginden ybaratdyr.

Bu seminar logistika hyzmatlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak we hünärmenleriň arasynda pikir alyşmak meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin açyk meýdança bolup hyzmat etdi.

Geçirilen okuw maslahatyň dowamynda türkmen hünärmenleriniň abraýly daşary ýurt transport kompaniýalary bilen gatnaşyklary ösdürmäge, dolandyryş tejribesini ulanmaga we bütin dünýäde hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyklary bellenildi.

2022