Türkmenistanyň Azerbaýjandaky ilçisi: sebitiň energetika kartasy düýpli üýtgär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Azerbaýjandaky ilçisi: sebitiň energetika kartasy düýpli üýtgär
Türkmenistanyň Azerbaýjandaky doly ygtyýarly ilçisi Mekan Işankuliýew (Surat: Trend)

Uglewodorod çeşmelerine baý bolan Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi diňe bir bu ýurtlar üçin däl, eýsem tutuş Merkezi Aziýa, Hazar we Kawkaz sebitleri üçin uly ähmiýeti bardyr. Bu barada Türkmenistanyň Azerbaýjandaky ilçisi Mekan Işankuliýew “Trend” agentligine beren beýanatynda mälim etdi.

Işankuliýew munuň sebitiň energiýa kartasynda täze üýtgeşmelere, uly maýa goýumlaryň gelmegine, sebit ýurtlarynyň ykdysady ýagdaýynyň ösmegine, täze iş orunlarynyň döredilmegine we netijede ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagyna sebäp boljakdygyny belläp geçdi.

Ilçi Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň Gündogar bilen Günbataryň arasynda söwda üçin amatly ýerde ýerleşýändigini, häzirki wagtda Hazar deňziniň üsti bilen gämi gatnawlarynyň giňelýändigini hem-de taraplaryň Hytaý bilen Ýewropanyň arasynda daşalýan harytlar üçin üstaşyr ýurtlary hökmünde uly mümkinçiliklere eýe bolandygyny aýtdy.

Şol bir wagtyň özünde, ilçi "Dostluk" ýatagynyň uglewodorod baýlyklarynyň ösdürilmegi we özleşdirilmegi geljekde Ýewropa bazaryny Merkezi Aziýanyň energiýa çeşmeleri bilen üpjün etmek üçin Hazarüsti turba geçirijisiniň gurluşygyna itergi berip biljekdigini aýtdy.

Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Raşid Meredow we onuň azerbaýjanly kärdeşi Jeýhun Baýramow şu ýylyň ýanwar aýynda Hazar deňzindäki “Dostluk” uglewodorod ýatagyny bilelikde özleşdirmek we ösdürmek boýunça iki döwletiň hökümetleriniň arasynda özara düşünişmek Ähtnamasyna gol çekdiler.