Eýran Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygyna taýýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Eýran Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygyna taýýar
Eýran Yslam Respublikasynyň syýasaty Türkmenistan bilen söwda we işewür gatnaşyklaryny dowam etmekden ybaratdyr. (Surat: AP)

Eýranyň milli gaz kompaniýasynyň (NIGC) ýolbaşçysy Eýranyň Türkmenistan bilen gaz söwdasyna taýýardygyny mälim etdi. Bu barada eýran mediýasyna salgylanyp, “ORIENT.tm” çarşenbe güni habar berdi.

Hasan Montazer Torbati “ISNA” eýran habarlar agentligine beren beýanatynda Eýranyň we Türkmenistanyň arasyndaky gaz hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada ýörite soraga Eýran Yslam Respublikasynyň syýasaty Türkmenistan bilen söwda we işewür gatnaşyklaryny dowam etmekden ybaratdyr diýip belledi.

“Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky gaz şertnamasy halkara arbitraž kazyýetde gözden geçirilip, netijeler çykaryldy we karar berildi. Indi Türkmenistanyň Eýran bilen gaz söwdasyny ösdürmek meýilnamasyna garaşýarys” diýip, Eýranyň milli gaz kompaniýasynyň ýolbaşçysy “Türkmengaz” döwleti konserni bilen baglanyşykly kazyýet işindäki ýagdaý barada teswir berdi.

Şeýle hem, Hasan Montazer Torbati Eýranyň Ýewropa gaz eksport etmegi meýilleşdirýändigini we energiýa çeşmeleriniň Ýewropa Bileleşigine Türkiýäniň üsti bilen iberilmeginiň meselelerine gözegçilik edýändigini mälim etdi.

Eýranyň milli gaz kompaniýasy (NIGC - National Iranian Gas Company), Eýranyň Nebit ministrliginiň garamagyndaky esasy dört nebit we gaz kompaniýasynyň biridir.

2020-nji ýylda Halkara Arbitraž kazyýeti Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky gaz meselesi boýunça öz çözgüdini yglan etdi. Çözgüde laýyklykda, Eýran 2007-2013-nji ýyllar aralygynda satyn alan gazynyň bergisini ýapmak üçin Türkmenistana ABŞ-nyň 2 milliarda golaý dollaryny tölemelidir.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022