Türkmenistanda welosiped ýodalary we duralgalary ýola goýlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda welosiped ýodalary we duralgalary ýola goýlar
Adamlaryň wagtlaryny peýdaly geçirmekleri üçin seýilgählerde ulular we çagalar üçin welosipedleriň hödürlenýän punktlary dörediler.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda ýurdumyzda welosiped sportuny ösdürmegiň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebap ulgamyny döretmek, welosiped duralgalaryny gurmak, söwda merkezleriniň ýanynda olaryň goýulýan ýerlerini açmak hem-de welosiped ýodalaryny çekmek boýunça işleriň göz öňünde tutulmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Şeýle hem, Döwlet Baştutanymyz mejlisiň dowamynda ýöriteleşdirilen dükanlary, ussahanalary, welosiped bejerýän ussalary taýýarlamak, adamlaryň wagtlaryny peýdaly geçirmekleri üçin seýilgählerde ulular we çagalar üçin welosipedleriň hödürlenýän punktlaryny açmak hem-de seýilgähiň içinde welosiped ýodalaryny çekmek boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz mundan beýläk ýaşaýyş-durmuş maksatly binalar gurlanda şu talaplaryň göz öňünde tutulmalydygyny aýdyp, munuň ilatyň giň gatlaklaryny sagdyn durmuş ýörelgelerine çekmekde welosiped sportunyň uly ähmiýetiniň boljakdygyny nygtady.

Milli Liderimiz welosiped sportunyň ösdürilmegini daşky gurşawy goramaga hem-de halkymyzyň saglygyny üpjün etmäge biziň goşýan goşandymyzdygyny nygtady hem-de bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

2019-njy ýylyň 1-nji iýunynda paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesinde iň dowamly bir nyzamly welosipedli ýörişiň geçirilimegi bilen onuň täze dünýä rekordy hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Şeýle-de şu ýyl ýurdumyzda welotrek boýunça dünýä çempionatynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär.