Türkmenistanda UNOPS-yň wekilhanasy açylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda UNOPS-yň wekilhanasy açylar
BMG-niň Ženewadaky edarasy (Surat: UNWTO)

BMG-niň Taslamalara hyzmat etmek baradaky müdirliginiň (UNOPS) ýerine ýetiriji direktory bilen BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary türkmen tarapyna ýurdumyzda UNOPS-yň wekilhanasyny açmak teklibi bilen ýüz tutdy. Bu barada wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisiniň dowamynda Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdi.

BMG bilen köpugurly hyzmatdaşlygy dowam etmek bilen baglylykda, Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna saglygy goraýyş ulgamynda özara gatnaşyklar boýunça taslama hödürlenildi, ony BMG-niň Taslamalara hyzmat etmek baradaky müdirligi (UNOPS) bilen bilelikde durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Milli Liderimiz ýurdumyzda BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleriniň biriniň, ýagny Taslamalara hyzmat etmek baradaky müdirliginiň wekilhanasyny açmak hakynda türkmen tarapynyň hödürlän taslamasyny we teklibini makullap, bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Häzirki wagtda Türkmenistan BMG-niň düzümleriniň 11-siniň agzasy bolup durýar.

BMG-niň Taslamalara hyzmat etmek baradaky müdirligi (UNOPS) Birleşen Milletler Guramasynyň ulgamlary, halkara maliýe guramalary, hökümetler we dünýäniň beýleki hyzmatdaşlary üçin taslamalary durmuşa geçirmäge ýardam berýän guramadyr. UNOPS 1973-nji ýylda döredildi.