Haryt öndürijileriň harytlaryny aýrybaşgalaşdyrmak maksady bilen, harytlaryň gelip çykan ýerleriniň atlary giňden ulanylýar. Harytlaryň gelip çykan ýerini aňladýan atlary «Harytlaryň gelip çykan ýerleriniň atlary hakynda» Türkmenistanyň Kanuny esasynda alnyp barylýar. Has dogrusy, harytlaryň gelip çykan ýerleriniň atlarynyň hukuk goragy we ulanylmagy çygrynda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär. Harytlaryň gelip çykan ýeriniň ady anyk geografiki obýektden çykandygyny, şol ýeriň tebigy we adam bilen baglanyşykly aýratynlyklary hem-de hadysalary häsiýetlendirýär.
Milli Liderimiziň şu ýylyň 29-njy ýanwarynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren nobatdaky Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň gün tertibinde harytlaryň gelip çykan ýerleri bilen baglanyşykly meseleleri tertipleşdirmek boýunça geçirilýän işleri işjeňleşdirmegi nygtady.
Ýakynda bu ugur boýunça işleýän hünärmenler elektron usulda sosiologik derňew geçirdiler. Geçirilen derňewleriň netijesinde, ilkinji nobatda, harytlaryň gelip çykan ýerleriniň ady hökmünde Tejen waharman gawuny, Garrygala nary, Çüliniň (häzirki Gökdere) almasy ýaly atlar hasaba alyndy. Şeýle-de sarp edijilerden gök-miwe önümleriniň atlaryna ýurdumyzyň geografiki we taryhy ýerleri bilen baglanyşykly birnäçe teklipler gelip gowuşdy. Olardan Daşoguz tüwüsini, Badhyz pissesini, Ýaşlyk üzümini, Nusaý hurmasyny, Soltandeş waharman gawunyny mysal getirip bileris.
Harytlaryň gelip çykan ýerleriniň ady hökmünde gök-miwe önümleriniň atlary olaryň ýetişdirilen geografiki ýerleri bilen baglanyşdyrylyp aýdylýar.
Gök we bakja önümleri, miweleri brendleşdirmek boýunça bu işiň juda uly ähmiýeti bardyr. Häzirki wagtda ýurdumyzda oba hojalyk önümleriniň öndürilişi barha uly depgine eýe bolýar. Marketing işini ösdürmekde uly mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, ähli işleri rowaç bolsun!
Ykdysady ylymlaryň kandidaty Swetlana Hojanazarowa Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymydyr. Bu makala ilki başda “Biznes reklama” gazetinde 22.02.2021 senesinde çap edildi.