Ankara türkmen gazyny Ýewropa ugratmakda goldaw bermäge taýýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ankara türkmen gazyny Ýewropa ugratmakda goldaw bermäge taýýar
Ikitaraplaýyn duşuşygyň jemleri boýunça Türkmenistanyň we Türkiýäniň DIM-niň ýolbaşçylary 2021-2022-nji ýyllar üçin Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Maksatnama gol çekdiler. (Surat: “Anadolu” agentligi)

Ankara Türkmenistanyň tebigy gazyny türk topragynyň üsti bilen Ýewropa ibermek üçin öz goşandyny goşmaga taýýar. Bu barada Türkiýäniň DIM-niň ýolbaşçysy Mewlüt Çawuşoglunyň Raşid Meredow bilen bilelikde sişenbe güni Ankarada geçiren metbugat ýygnagynda beren beýanatyna salgylanyp, Türkiýäniň “Anadolu” agentligi habar berdi.

Türkiýäniň DIM-niň ýolbaşçysy Hazar deňzindäki “Dostluk” ýatagy boýunça Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasynda gazanylan ylalaşyga ýokary baha berdi.

Çawuşogly pandemiýa garamazdan ikitaraplaýyn söwda dolanşygynyň artandygyny we iki ýurdyň hökümetara ykdysady komissiýalaryny, işewür geňeşmelerini we forumlary täzeden dikeltmegi ugrunda iş alyp barjakdygyny aýtdy.

Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Meredow hem öz gezeginde ýygnagyň netijeli geçendigini we onuň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşandyklaryny mälim etdi.

R.Meredow iki ýurduň söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň ýokary derejä ýetendigini belläp, Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 2020-nji ýylda pandemiýa garamazdan 2 milliard ABŞ dollaryna barabar bolandygyny aýtdy.

Çawuşogly Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň resmi sapar amala aşyrmak isleýändigini belläp, onuň çäklerinde Türkiýäniň nobatdaky Türkiýe- Azerbaýjan-Türkmenistan sammitini Türkmenistanda geçirmegi meýilleşdirýändigini belledi.

Ikitaraplaýyn duşuşygyň jemleri boýunça Türkmenistanyň we Türkiýäniň DIM-niň ýolbaşçylary 2021-2022-nji ýyllar üçin Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Maksatnama gol çekdiler.

Türkiýä saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredowyň Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan tarapyndan hem kabul edildi.

Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Türkiýäniň, Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň Daşary işler ministrleriniň Ankarada geçirilen bäşinji üçtaraplaýyn ýygnagyna hem gatnaşdy.

2022