Lebapda telekeçiler oba hojalykdan $4,2 milliona golaý girdeji aldylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Lebapda telekeçiler oba hojalykdan $4,2 milliona golaý girdeji aldylar
“Goşa käriz” we “Kümüş suw” daýhan hojalyklary geçen ýyl noýbanyň 190 tonnasyny eksport edip, 88 müň 700 ABŞ dollary möçberinde girdeji gazandylar.

Geçen ýyl gündogar sebitiň hususyýetçileri Russiýa Federasiýasy, Gazagystan, Owganystan, Özbegistan, Gyrgyz Respublikasy ýaly döwletlere pomidor, noýba, ýorunja tohumy, dary, gara jöwen, mäş ýaly oba hojalyk önümlerini eksport edip, olardan 4 million 200 müň ABŞ dollaryna golaý girdeji aldylar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, “Goşa käriz” we “Kümüş suw” daýhan hojalyklary geçen ýyl noýbanyň 190 tonnasyny eksport edip, 88 müň 700 ABŞ dollary möçberinde girdeji gazandylar. Şeýle-de “Kümüş suw” daýhan hojalygy mäşiň onlarça tonnasyny eksport etdi. Geçen ýyl “Ýigit” hojalyk jemgyýeti, “Milady”, “Gaýrat” hususy kärhanalary, “Wahym” daýhan hojalygy Lebap welaýatynda darynyň 770 tonnasyny dünýä bazaryna çykardylar.

“Aýdyňmaksat” hususy kärhanasy geçen ýyl welaýatda ýorunja tohumyny eksport eden ýeke-täk tarap bolan bolsa, ol indi darydyr mäşiň eksportyna hem goşant goşdy.

Şeýle hem geçen ýyl daşarky bazara iň köp çykaran oba hojalyk önümi ter pomidor bolup, ýylyň dowamynda welaýatyň dürli etraplarynda ýyladyşhanalary guran 16 hususyýetçi 3 müň 130 tonna pomidory eksport etdi. Bu söwdadan 3 million 440 müň ABŞ dollaryndan gowrak girdeji alyndy.

2022