Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow penşenbe güni Ruhyýet Köşgünde Türkmenistanyň deputatlar düzümi bilen geçiren duşuşygynyň barşynda raýatlaryň telekeçilik başlangyçlaryny goldap, maýa goýum işjeňligini höweslendirmek, döwlet eýeçiligini hususylaşdyrmak we paýdarlar jemgyýetlerini döretmek möhümdigini aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
“Dünýä ykdysadyýetinde amatsyz ýagdaýlaryň dowam edýändigine, çylşyrymly maliýe-ykdysady şertlere garamazdan, biz ähli pudaklarda hususy telekeçiligiň mümkinçiliklerini giňden ulanmak boýunça işleri dowam etmelidiris, telekeçilige döwlet tarapyndan goldaw bermäge, ýurduň maliýe-ykdysady ulgamyny durnukly ösdürmäge aýratyn üns bermelidiris” diýip, milli Liderimiz belledi.
Habarda bellenilişi ýaly, ýuridik şahslaryň döwlet tarapyndan bellige alnyşyny döwrebap ýagdaýa getirmek üçin “Ýuridik şahslary döwlet tarapyndan bellige almak hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny taýýarlamagyň zerurlygy nygtaldy.
“Dünýä ykdysadyýetinde emele gelen maliýe-ykdysady çökgünlige garamazdan, biz geçen ýyl täze ykdysady özgertmeleri amala aşyrmagy dowam etdik” diýip, Döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz öz çykyşynyň dowamynda: “Häzirki döwürde dünýä çalt depginler bilen özgerýär. Her hepdede diýen ýaly, täze soraglary ýüze çykarýar. Bu soraglar gyssagly çözülmegini talap edýär” diýdi.
“Pandemiýa dünýä ykdysadyýetine her aýda 400 milliard amerikan dollaryna golaý zyýan ýetirýär. Häzire çenli bütin dünýä boýunça 500 million iş orny ýitirildi. Mundan başga-da, sebitde we Ýer ýüzünde ekologiýa ýagdaýynyň ýaramazlaşmagy düýpli ynjalyksyzlyk döredýär” diýip, Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
“Biz goňşy ýurtlar we dünýä bileleşigi bilen bilelikde, Aral deňziniň guramagy netijesinde dörän ekologiýa betbagtlygynyň netijelerini azaltmak boýunça alyp barýan işlerimizi dowam edýäris. Ýöne, bu ugurda ýagdaý heniz çylşyrymly bolmagynda galýar. Şeýle bolansoň, biz deputatlarymyzdan bolup geçýän bu ýagdaýlar bilen bagly çalt we anyk çärelere garaşmaga haklydyrys. Deputatlar möhüm ähmiýetli kanunçylyk namalaryny çalt taýýarlap, kabul etmelidirler” diýip, Milli Liderimiz belledi.
Şu ýylyň 28-nji martynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär.