Türkmenistan şu ýyl YHG-a başlyklyk eder

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan şu ýyl YHG-a başlyklyk eder
YHG-nyň 13-nji Sammity, Yslamabat, Päkistan, Fewral 2017 (Surat: YHG)

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň şu ýyl Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) başlyklyk etjekdigini we bu ugurda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşine görä, häzirki wagtda bu guramanyň 2021-nji ýylyň 4-nji martynda Türkiýe Respublikasynyň guramagynda wideoaragatnaşyk arkaly geçiriljek ýokary derejeli 14-nji mejlisine türkmen tarapynyň gatnaşmagy bilen baglanyşykly taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Habarda bellenilişi ýaly, YHG-na başlyklyk etmek wezipesini üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, degişli konsepsiýanyň taslamasy taýýarlanyldy we onda birnäçe möhüm wezipeler kesgitlenildi. Şolaryň hatarynda YHG-ä agza ýurtlarda maýa goýum işini ösdürmek, erkin söwda-ykdysady zolaklary döretmek, söwda, ulag we logistika, energetika ugurlaryny nazara almak arkaly täze ykdysady geçelgeleri kemala getirmek ýaly ugurlar bar.

Konsepsiýada Owganystanyň durmuş-ykdysady ösüşine goldaw bermek boýunça maksatnamalaýyn çäreleriň durmuşa geçirilmegi YHG-niň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi.

Şeýle hem, şu ýylyň mart aýynda YHG-niň Baş sekretarynyň Türkmenistana saparyny guramak we YHG-niň döredilen gününde Aşgabatda bu guramanyň ýokary derejeli 15-nji duşuşygyny geçirmek hakyndaky meselä garamak teklip edilýär.

Milli Liderimiz wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna degişli işleri we guramaçylyk meselelerini geçirmek, türkmen tarapynyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň öňde boljak sammitine taýýarlygy boýunça zerur tagallalary etmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasy Merkezi Aziýa we Ýakyn Gündogar ýurtlary tarapyndan 1985-nji ýylda döredilen sebitleýin döwletara ykdysady guramadyr. Türkmenistan 1992-nji ýylda YHG-nyň agzasy boldy.

2022