Wise-premýer Şamuhammet Durdylyýew anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygyny baýram etmäge görülýän taýýarlyk boýunça çäreleriň durmuşa geçirilişi hem-de şanly sene mynasybetli Dabaralaryň we çäreleriň meýilnamasy barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşine görä, meýilnamanyň çäklerinde şanly senä gabatlanylyp, baýramçylyk dabaralary geçiriler, dürli maksatly täze desgalar, has oňaýly ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berler, “Ak şäherim - Aşgabat” atly ХХ köpugurly halkara sergisi, sungat ussatlarynyň çykyşlary, sergiler, döredijilik bäsleşikleri, forumlar, sport ýaryşlary, at çapyşyklary we beýleki çäreler guralar.
Milli Liderimiz Aşgabat şäheriniň güni we paýtagtymyzyň 140 ýyllygy mynasybetli geçirilýän goşa baýram gününde ak mermerli şäherde täze, amatly awtobuslaryň 400-siniň işe giriziljekdigini belläp, şäherdäki ähli awtobuslaryň baýram gününde ýolagçylara tölegsiz hyzmat etmeginiň aşgabatlylaryň we paýtagtymyzyň myhmanlarynyň baýramçylyk ruhuny has-da belende göterjekdigi bellärliklidir diýdi.
Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň okgunly ösýändigini hem-de çäkleriniň giňelýändigini, şäher ilatynyň sanynyň artýandygyny kanagatlanma bilen belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 25-nji maýda ilkinji bolup dünýä inen oglanjyga Paýtagt ýa-da Aşgabat adynyň dakylmagynyň, eger gyzjagaz dünýä inse, Merjen ýa-da Maýa adynyň dakylmagynyň şanly senä goýulýan hormaty aňlatjakdygyny belledi.
Milli Liderimiz täze doglan çagalara sowgatlaryň gowşurylmagynyň olaryň maşgalalary üçin ýatdan çykmajak pursatlary peşgeş berjekdigini belläp, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen Karara gol çekip, onuň ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.