Türkmenistan BMG-niň işgärleri üçin wiza düzgünini ýönekeýleşdirdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan BMG-niň işgärleri üçin wiza düzgünini ýönekeýleşdirdi
BMG-niň rugsatnamalarynyň eýeleri bolan daşary ýurt raýatlaryna 30 senenama güni möhlete çenli wizalary resmileşdirmezden Türkmenistana gelmäge rugsat berildi. (Surat: Ýewropa Bileleşigi)

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) we onuň edaralarynyň işgärleri üçin wiza düzgünini ýönekeýleşdirmek boýunça degişli Karara gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty ýekşenbe güni habar berdi.

Gol çekilen resminama laýyklykda, 2021-nji ýylyň 2-nji martyndan başlap BMG-niň rugsatnamalarynyň (pasportlarynyň) eýeleri bolan daşary ýurt raýatlaryna Türkmenistanyň çägine gelen gününden başlap, 30 (otuz) senenama güni möhlete çenli wizalary resmileşdirmezden Türkmenistana gelmäge, onda bolmaga, ondan gitmäge, şeýle hem Türkmenistanyň çäginden üstaşyr geçmäge rugsat berildi.

Şeýle hem, Türkmenistanyň DIM-i tarapyndan akkreditirlenen BMG-niň ýa-da onuň ýöriteleşdirilen edaralarynyň işgärleri bolan daşary ýurt raýatlary we olaryň maşgala agzalary Türkmenistanda iş alyp barýan döwrüniň dowamynda wiza resmileşdirmekden boşadylýar.

Resminama bilen, Daşary işler ministrligine ýokarda beýan edilenler barada Birleşen Milletler Guramasyna habar bermek tabşyryldy.

Şeýle hem resminama bilen, Türkmenistanyň DIM-ne, Döwlet migrasiýa gullugyna, beýleki degişli ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna Adalat ministrligi bilen bilelikde karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

2022