Daşary ýurtly telekeçiler suwuklandyrylan gazy we awtobenzini satyn aldylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Daşary ýurtly telekeçiler suwuklandyrylan gazy we awtobenzini satyn aldylar
Daşary ýurtly telekeçiler “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 17 million 281 müň amerikan dollaryndan gowrak boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty ýekşenbe güni habar berdi.

Daşary ýurt puluna daşary döwletleriň işewür toparlarynyň wekilleri nebithimiýa önümlerini, hususan-da, Birleşen Arap Emirlikleriniň işewürleri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini hem-de awtobenzini, owganystanly telekeçiler bolsa “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin umumy bahasy 3 million 390 müň manatlykdan gowrak Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen soekstruzion polipropilen plýonkasyny hem-de pagta süýümini satyn aldylar.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 7-si hasaba alyndy.

2022