Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz toplumyna ýaş we başarnykly ýolbaşçylary gözlemegi tabşyrdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz toplumyna ýaş we başarnykly ýolbaşçylary gözlemegi tabşyrdy
Döwlet Baştutanymyz nebitgaz toplumynyň ähli ýolbaşçylarynyň alyp barýan işlerini seljermegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni geçirilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda nebitgaz toplumynyň pudaklaryna ýaş we başarnykly täze ýolbaşçylary gözlemeli diýip, degişli görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz döwletimiz tarapyndan zerur kömegiň berilýändigine garamazdan, toplumyň pudaklarynda heniz oňyn öňegidişligiň ýokdugyny aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy hem-de ähli pudak edaralary diýen ýaly meýilnama tabşyrygyny yzygiderli ýerine ýetirip bilmän gelýärler diýip belledi.

Milli Liderimiz wise-premýer Şahym Abdrahmanowa bu ýagdaýy düýpli seljerip, işleri talabalaýyk ýola goýmak üçin teklipleri bermegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz toplumyň ähli ýolbaşçylarynyň alyp barýan işlerini seljerip, gerek bolsa, ýaş, başarnykly, iş we ýurdumyz üçin ähli tagallalary edip, yhlasly işlejek täze ýolbaşçylary gözlemeli diýdi.

Geçirilen mejlisde şu ýylyň geçen iki aýynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, içeri we daşary syýasatyň möhüm meselelerine garaldy.