Astrahanda türkmen logistika merkezini döretmek boýunça maslahatlar geçirilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Astrahanda türkmen logistika merkezini döretmek boýunça maslahatlar geçirilýär
Ýörite port ykdysady zolagynyň çäginde Türkmenistanyň logistika merkezini döretmegiň zerurlygy nygtaldy. (Surat: "VTS-Group")

Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastyndaky Türkmenistanyň konsuly Güýç Garaýew penşenbe güni ““Lotos” ýörite ykdysady zolak” paýdarlar jemgyýetiniň direktory Sergeý Miluşkin bilen Astrahan oblastynda döredilýän ýörite port ykdysady zolagynyň çäginde Türkmenistanyň logistika merkezini açmak meselesini ara alyp maslahatlaşdy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, taraplar Hazar sebitinde işjeň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy belläp geçdiler. Şeýle hem, taraplar ýörite port ykdysady zolagynyň çäginde haryt akymlaryny işjeňleşdirmek  we bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyrmak, şeýle hem maýa goýum işjeňligini, transport kompaniýalarynyň işi üçin amatly ykdysady gurallary döretmek boýunça oňyn platforma hasaplanýan Türkmenistanyň logistika merkezini döretmegiň zerurdygyny nygtadylar.

S.Miluşkin Hazar sebitindäki ykdysady hyzmatdaşlygy we umuman türkmen-rus hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek maksady bilen türkmen tarapynyň pikirini goldady we ählitaraplaýyn ýardam bermäge taýýardygyny aýtdy.

Taraplar bu ugurda hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin ýakyn wagtda Türkmenistanyň we Astrahan oblastynyň degişli düzümleriniň onlaýn ýygnagyny guramagy meýilleşdirýärler.

“Ýörite ykdysady zolak “Lotos”” 2014-nji ýylda döredildi. Onuň esasy maksady Astrahan oblastynyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň ykdysadyýetiniň ösüşine goldaw berip, senagat önümçiligi pudagynda maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmekde rus we halkara kompaniýalary üçin amatly şertleri döretmekden ybaratdyr.