Türkmenistanyň maliýe-ykdysady toplumynda işleri güýçlendirmek tabşyryldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň maliýe-ykdysady toplumynda işleri güýçlendirmek tabşyryldy
“Ak şäherim Aşgabat” atly XIX köpugurly halkara sergi, Aşgabat, 25.05.2020

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda wise-premýer Gadyrgeldi Müşşikowa maliýe-ykdysady toplumynda alnyp barylýan işleriň depginini güýçlendirmegi tabşyrdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýer Müşşikowyň ýylyň ilkinji iki aýy boýunça hasabatyny diňläp, maliýe-ykdysady toplumyň ministrliklerinde hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda alnyp barylýan işleriň depginini has-da güýçlendirmegiň zerurdygyny nygtady.

Milli Liderimiz ýakynda ykdysadyýetiň pudaklarynda emele gelen ähli meselelere düýpli seredilendigini, olary çözmek üçin zerur çäreleriň bellenilendigini, ýöne bellenen şol çäreleriň köpüsiniň heniz amala aşyrylyp başlanmandygyny aýtdy.

Ýylyň iki aýynyň geçendigine garamazdan, bu ugurda bölünip berlen serişdeler özleşdirilmeýändigini aýdyp, Döwlet Baştutanymyz sanly ulgama geçmek, desgalary hususylaşdyrmak we kärhanalary paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek hem-de gymmatly kagyzlaryň bazaryny guramak işleri haýal alnyp barylýar diýdi.

Türkmenistanyň Prezidenti dünýä ykdysadyýetindäki we goňşy ýurtlardaky ýagdaýy seljerip durmagyň wajypdygyny belläp, şu ýyldaky görkezijilere düzediş girizmek hem-de garaşylýan çaklamalary taýýarlamagyň möhümdigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz döwlet edaralarynyň sanly ulgama goşulmagyny, dürli döwlet hyzmatlaryny elektron görnüşe geçirmegi çaltlandyrmagyň hem zerurdygyny nygtady.

2022