Aşgabatda şu ýyl Türkmenistan-Azerbaýjan-Türkiýe sammiti geçiriler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabatda şu ýyl Türkmenistan-Azerbaýjan-Türkiýe sammiti geçiriler
Milli Liderimiz türkiýeli işewürleriň Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleri we halkara ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýandyklaryny belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şenbe güni Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu bilen geçiren duşuşygynyň barşynda şu ýyl Aşgabatda ýokary derejeli Türkmenistan-Azerbaýjan-Türkiýe sammitini geçirmegiň meýilleşdirilýändigini aýtdy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, geçiriljek sammitiň dowamynda döwletara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Pandemiýa ýokanjy zerarly bu çäräniň möhleti üýtgedildi we şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapynyň bu duşuşygy islendik amatly wagtda guramaga taýýardygy bellenildi.

Milli Liderimiz türkiýeli işewürleriň Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleri we halkara ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýandyklary barada aýdyp, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçirijisiniň gurluşygynyň “Çalyk Enerji” kompaniýasyna ynanylandygyny muňa mysal getirdi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna başlyklyk etmeginiň çäklerinde bu abraýly guramanyň döredilen gününe gabatlanyp, 2021-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabatda halkara maslahaty geçirmegiň meýilleşdirilýändigini belledi.

Milli Liderimiz Owganystan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe ugry boýunça Ýewropa çykalgasy bolan “Lapis Lazuli” ulag-üstaşyr geçelgesiniň mümkinçilikleriniň ulanylmagynyň Ýewropa çykalgany üpjün etjekdigine we sebitiň ýurtlaryna ägirt uly peýda getirjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu köpýyllyk döwletara gatnaşyklaryň taraplaryň mizemez dostluk gatnaşyklaryna we üýtgewsiz hoşniýetli erkine daýanmak arkaly mundan beýläk-de ösdüriljekdigine, täze anyk mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.

2022